TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Wladimir Žirinowskä hat iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä hat iberdi we onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi hem-de hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini belledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz hatynda “Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksadaokgunlyk bilen Siz häzirki döwürde bütindünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriňiz Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip belledi.

Milli Liderimiz öz hatynda “Siziň Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy diýen ada mynasyp bolandygyňyzy we biziň öňden gelýän dostumyzdygyňyzy bellemek meniň üçin ýakymlydyr” diýip nygtady.

Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä ýarawsyzlyk bilen bagly şu günlerde türkmen halkynyň adyndan tiz wagtda sagalmagyny we uzak ýyllary nazarlaýan berk jan saglygyny arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ozal, koronawirus ýokanjy bilen kesellän Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem hat iberipdi.

 

Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawy

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat

Teswirle