TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz türk ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda däp bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlary döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkiýäniň ministri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürkden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

TÜRKMENISTAN YHG BAŞLYKLYK EDER

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek hukugynyň Türkmenistana Türkiýe Respublikasyndan geçendigini aýdyp, bu hukugyň ýurdumyz üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu işde Türkiýe Respublikasynyň toplan tejribesiniň bähbitli boljakdygyny we onuň üstünlikli dowam etjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz YHG-niň döredilen gününde, 28-nji noýabrynda bu abraýly guramanyň halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belledi. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri öz içine alýan halkara çäre meýilleşdirildi. Ýöne dünýäde ýaýran pandemiýa zerarly bu çäräniň möhleti üýtgedildi. Bellenilen bu çäräni islendik amatly pursatda geçirmäge taýýarlyk aýdyldy.

HARYT DOLANYŞYGY 8 ESSE ARTDY

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8 göterim ýokarlandy. Pul möçberinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2 milliard dollaryna golaý boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.

TOP TASLAMASY TÜRK KOMPANIÝASYNA YNANYLDY

Hormatly Prezidentimiz türkiýeli işewürleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny belläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň Türkiýäniň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanylandygyny aýtdy.

 

Türkiýäniň Prezidenti iýun-iýul aýlarynda Türkmenistana sapar bilen geler

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň  Türkmenistana sapary

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle