TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hormatly Prezidentimiz: jemi içerki önümiň durnukly ösüşini gazanmaly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz hökümetimiziň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi — şanly ýylda esasy wezipe jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

  • Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu maksat bilen, ähli ýolbaşçylar bu derejä ýetmäge we dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz täsirleri azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp düzmelidirler.
  • Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Durnukly pul dolanyşygyny gazanmak we durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.
  • Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.
  • Bellenilişi ýaly, zähmet bazary bilen bagly işler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Emele gelýän ýagdaýlar bilen baglylykda, zähmet gorlary döredilmelidir hem-de maksadalaýyk dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.
  • Milli statistiki ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmeli hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemeli. Olary umumylaşdyryp, möhleti geçen we möhüm bolmadyk görnüşlerini gysgaltmaly. Sanly ulgam arkaly iş alyp barmaga geçmek boýunça çäreleri dowam etmeli hem-de dünýä tejribesinde bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmaly.
  • Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň hem-de binalaryň öz wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wezipesi goýuldy.
  • Döwlet Baştutanymyz  häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanyşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini ýokarlandyryp, berilýän karzlaryň netijeli bolmagyny hem-de wagtynda gaýtarylmagyny üpjün etmeli.
  • Hususy pudagyň fiziki we ýuridik şahslaryň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
  • Şeýle hem hökümet agzalaryna pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermek tabşyryldy.
  • Halkara maliýe edaralaryndan (Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky) hem-de halkara gaznalardan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak bellenildi.
  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet — hususy pudak hyzmatdaşlygy arkaly, garyşyk maliýe ýörelgeleri esasynda maýa goýumlaryň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
  • Milli Liderimiz «dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.
  • Hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.
  • Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Okap bilersiňiz  Kärhanalarda Esaslandyryjylaryň üýtgemegi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle