Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ismail Sabri Ýaakoba Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Milli Liderimiz Gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Ismail Sabri Ýaakoba berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz Moldowanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi