TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi halkyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi.

Milli Liderimiz agtyklary bilen ertekiler şäherçesindäki meýdançada ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy. Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimizi we mähriban atasy bilen Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany işleýär. Onda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Döwlet Baştutanymyz dükana baryp, hödürlenilýän sowgatlyk önümler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň agtyjaklarynyň göwün söýen, saýlan sowgatlaryny Aýazbabanyň gowşurmagy körpeler üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursada öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz agtyklarynyň saýlan sowgatlyk önümleri üçin tölegi bank karty arkaly geçirdi.

Çagalar alkyş sözlerini aýdyp, çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde joşgunly goşgulardan okap berdiler. Olar dürli dillerde goşgy okadylar. Aýazbaba we Garpamyk körpeleriň söýgüli baýramy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary üçin bagtyýar çagalara hoşallyk bildirip, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu günki şatlykly wakanyň hormatyna özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle