TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hormatly Arkadagymyzyň eserleri – türkmen milli maşgala terbiýesiniň gönezligi

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

-Biziň öz ata-babalarymyzdan artyk adam bolmajagymyz Hudaýyň beren ýagty güni ýaly aýdyňdyr. Iň bir amatly pursatlarda biz bolubilsek, şolaryň mynasyp dowamat-dowamy bolup bileris. (“Älem içre at gezer”, sah.4.)

-Mähriban kyblamyň ömür ýoly – maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary, meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim. (“Döwlet guşy”, sah.5.)

 

“Maşgalam – baş galam”, “Maşgalam – mizemez binýadym”, “Maşgalam – mukaddes ojagym”, “Maşgala – her bir ynsanyň göwün guşunyň höwürtgesidir” ýaly nakyllardyr pähimler il-günüň dilinde sena bolup ýaňlanýar.

Maşgala, maşgala terbiýesi, maşgala bitewiligi, agzybirligi, mizemezligi barada ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ençeme halk döredijilik eserlerini, sünnäläp, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Maşgala terbiýesiniň mizemez esaslaryny beýik türkmen akyldarlary, şahyrlary, dramaturglary, prozaçylary, medeniýet-sungat işgärleri öz eserlerinde içgin we inçeden beýan edipdirler. Ol bilimleri we tejribeleri ynsan öz bala-çagalaryna, newerelerine, kowmuna bagş edipdir, durmuşda ulanypdyr  we şu gün hem has kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp şol dowamaty yzygiderli dowam edip gelýär. Maşgala, maşgala tutumy, maşgalada berilýän terbiýe türkmeniň Oguz han eýýamyndan bäri öz esaslaryny alyp gaýdýar. Şol döwürlerden bäri türkmen milli maşgala terbiýesiniň usuly-amaly, tejribe we nazary esaslarynyň düýbi tutulandyr.

Çaga terbiýesi baradaky alada entek onuň dünýä inmezinden has köp ozal başlanýar. Ejedir kaka perzendiniň sagdyn bolup dünýä inmegi, onuň gowy, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegi baradaky aladalary maşgala durmuşynyň ilkinji günlerinden ýola goýýar. Maşgalada dünýä inen körpeje çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp kemala gelmegi dogrusynda diňe bir onuň dünýä inen maşgalasy ýa-da ýakyn hossarlary däl, eýsem Döwlet tarapyndan hem ägirt uly aladalar edilýär, iň oňyn şertler döredilýär, kanunlar işlenilip düzülýär, öňden hereket edýänleri-de has-da kämilleşdirilýär.

Nesil terbiýesi diňe bir ata-eneleriň şahsy işi bolmak bilen çäklenmeýär. Bu jemgyýetiň-de, mekdebiň-de üns-aladasynda durýan meseledir. Maşgala terbiýesiniň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýeti özbaşdak durmuşa taýýarlamak, jemgyýetde öz-özüni dolandyrmak, öz mynasyp ornuny tapmagy öwretmek hem bolup durýar. Şahsyýetiň kemala gelmegine täsir edýän hadysalar (faktorlar) – bu neslegeçijilik, daşky gurşaw we terbiýe bolup durýar. Maşgalada terbiýäniň ähli görnüşleriniň düýbi tutulýar. Maşgalada akyl, ahlak, beden, zähmet, estetiki we terbiýäniň beýleki görnüşleri ünsden düşürilmeli däldir.  Sebäbi, çaga ähli zady ulularyň yzyndan gaýtalap öwrenýär we endik edinýär, durmuşda peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” atly romanlary türkmen milli maşgala terbiýesiniň ägirt uly mekdebidir, gönezligidir. “Älem içre at gezer” romanynyň “Ozal akan ýerden akarmyş aryk” bölüminde hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri çeper beýan edilýär.  Romanda göreldä eýermek ýörelgesi çuň mana eýe bolýar. Onda ulularyň diňe bir görelde mekdebi hökmünde däl, eýsem nesil hakda alada etmegiň mekdebi bolup çykyş edýändigi barada “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” bölüminde gyzykly maglumatlar bar. Berdimuhamede çagalykda berlen terbiýe barada şeýle bellenýär: “Üç ýaşynda ony enesi Hesel eje ýekesiremesin, oňa höwür bolsun diýip, şonuň ýanyna iberipdirler. … Mähir-mylakatly,  mähek ýaly çagajyk enesiniň iň söýgüli agtygy bolup galdy. … Öýüniň altyn aşyjygyna öwrülen agtygyny ilden üýtgeşik geýindirmek, ýagşy iýdirip-içirmek üçin hamrak ene hiç zadyny gaýgyrmady”. Bu sözler Hesel ejäniň agtyjagyna bolan söýgüsiniň, mähir-muhabbetiniň beýanydyr. Eserdäki “… . “Balam, guzym” diýip, uzak günläp agtygynyň daşynda hozanak bolýan ene onuň üçin janyny pida etmäge taýýardy” – diýen setirleri okanyňda türkmen enesiniň öz agtygyna aýratyn ýyly mähir bilen garaýandygyny görýäris. Hormatly Arkadagymyzyň kitabynda “Berdimuhamet sekiz ýaşyny dolduranda, enesi Hesel eje bir saçak pişme bişirdi. Toý paý berdi. Galanynam saçaga dolap, agtygynyň elinden tutdy-da, obanyň orta gürpünde ýaşaýan Hojaahmet mollanyňka ugrady. Ýaşy özünden kiçem bolsa, oňa hormat edip, “aga” diýip ýüzlendi: – “Molla aga, ine, biziň körpämiz şu. Berdimuhamet jan! Şuňa bilim-sowat öwredip, ýoluny açsaňyz diýip, alyp geldim” – diýýär. Okuwlaryň başlanmaly möhleti gelip ýetende, çarşenbe güni Hesel eje Berdimuhamediň elinden tutup, bir bölek galyň keçe bilen hat ýazylýan tagtajygy süpürer ýaly içine pagta dykylyp tikilen pökgüje süpürgiji alyp, ýene Hojaahmet mollanyňka gelýär.

Okuwda arakesme yglan edilende Berdimuhamet enesiniň daşarda garaşyp duranyny görýär. Enesi: – “Okadyňmy, oglum! Tüweleme, tüweleme… Ajygansyň, ýör men saňa nahar edip goýdum” – diýip agtyjagyny ýyly mähir bilen gurşaýar. Agtyjagy muňa garşy bolýar. Şonda: “Weý, bor, oglum, bolar. Birinji gün bolansoň geläýdim, “balam it-guşdan gorkaýmasyn” diýip. Ertirden beýläk öýde nahar taýýarlap garaşaýaryn” – diýýär. “Garry enesiniň bolşundan onuň agtygynyň mekdebe gatnap başlamagyna nähili buýsanýandygyny Berdimuhamet görüp, duýup durdy” – diýen gymmatly setirler bar. Bu sözleriň gymmaty onuň terbiýeçilik ähmiýetindedir. Hesel ejäniň keşbi arkaly çaga barada kiçilikden alada edýän, çagany bilimli, sowatly etmegiň ugrunda çynlakaý çemeleşýän türkmen enesiniň  ahlak keşbi açylyp görkezilýär. Çaganyň kalbynda bolup geçýän üýtgeşik duýgulara-da inçeden gelen ünsüň gerekdigine düşünýän ene ýüregi, onuň oňat adamkärçilikli, görelde alarlyk enediginden habar berýär.

Berdimuhamediň ejesem, enesem Anna aganyň ähli toplan baýlyklaryny, şol sanda kitaplarynam, golýazmalarynam körpe ogly Berdimuhamede miras galdyryp gidendigi barada häli-şindi gaýtalap-gaýtalap aýdýan ekenler. Kakasyndan miras galan “Akyl sandyklaryny” öz öýlerinden enesiniňkä elteninden soň, Berdimuhamet köp wagtyny özbaşdak okamaga bagyşlapdyr. Maşgalada görelde görkezmek bilen bir hatarda çagany dogry ýola ugrukdyrmak, şol bir wagtyň özünde şert döretmek hem wajypdyr. Bu barada romanda şeýle setirler bar: – “Agtygynyň bu gyzyklanmasyna begense-de, enesi öz şatlygyny, buýsanjyny daşyna çykarmazdy. …Ol agtygynyň öz okaýan kitaplary bilen başa-baş galmagy üçin ähli şertleri döretmäge çalşardy, oňa iş buýurmazdy. Agtygy kitaba gümra bolup ugrandan, bildirmän, uzak wagtlap oňa söýgi bilen garap oturardy”

“Döwlet guşy” atly romanda hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň  Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalyk ýyllarynyň “…bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň beýik ruhy-ahlak dünýäsi, maşgala ýüküni merdi-merdanalyk bilen çekişi, ir kämil çykyşy, il-gününe, Watanyna bolan päk söýgüsi, her günki bitirýän ymgyr uly işleri, ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy, türkmen däp-dessurlary, edep-ekram gymmatlyklary…” barada ussatlyk bilen çeper beýan edilýär. Arkadagymyzyň eserlerinde ak ýürekden irginsiz çekilen zähmet, mertlik-merdanalyk, adamkärçilik, arakesmäni bilmeýän nesil terbiýesi baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Alym Arkadagymyzyň bize peşgeş beren çuňňur many-mazmunly, hakyky durmuş mysallaryna ýugrulan, geçmişe beýik baha bermäge we geljege ynamly garamaga gönükdirýän eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uly bolup, olar türkmen milli maşgala terbiýesiniň gönezligi hökmünde çykyş edýär. Çünki, her bir ynsanyň durmuşynda onuň kemala gelen maşgalasynyň hyzmaty örän ähmiýetlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, Ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetçiligiň sazlaşykly, netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýän mähriban hem Gahryman, Arkadag Prezidentimize dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuw edýäris!

Goý, Milli Liderimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin!

Aýjemal Rahimowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen

döwlet mugallymçylyk institutynyň

pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy. 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle