SIZDEN GELENLER

Horlanmak üçin uklamazdan öň içmeli 6 sany içgi

Ukynyň bozulmagy (hatda ukynyň doly alynmazlygy hem) bedeniň agramynyň artmagyna, gormonal gyşyklyga, tutuş günüň dowamynda açlyk duýgusynyň bolmagyna, şeýle hem süýji keseli hem-de gandaky insult bilen bagly meselelere getirip bilýär. Hut şonuň üçin hem ukynyň kadaly bolmagyna gözegçilik etmek hökmanydyr. Bu bolsa uklamazdan öň näme içjekdigiňize baglydyr. Düzüminde kofein we şeker saklaýan kofe ýa-da gazly suwuň uklamaga päsgelçilik berýändigini siz eýýäm bilýän bolsaňyz gerek. Muňa garamazdan, myşsalary güýçlendirmäge, ganda süýjüligiň derejesini kadalaşdyrmaga we artykmaç agramdan dynmaga kömek edýän içgiler hem bar.
Şeýlelikde, uklamazdan öň içmek peýdaly bolan 6 sany içgi şulardan ybarat:

  1. Süýt.Düzüminde triptofan we kalsiç saklaýanlygy üçin bir bulgur süýt (gyzgyn ýa-da sowuk) berk hem sagdyn uklamaga ýardam eder. Galyberse-de, süýdüň düzüminde myşsalary berkidýän we olaryň ösmegine ýardam edýän belok saklanýar.
  2. Üzüm şiresi.Üzüm şiresiniň bir bulgury diňe bir kadaly uklamaga däl, eýsem, horlanmaga hem ýardam eder. Netijede, 2015-nji ýylda geçirilen International Journal of Obesity žurnalynda neşir edilen barlaglar resweratrolyň — üzümiň düzüminde saklanýan antioksidantyň ak ýagyň kaloriýalylygyny has tiz özleşýän ýagyň kaloriýalylygyna öwürýändigini ýüze çykardy.
  3. Çopantelpekli çaý.Çopatelpekli çaýyň bir käsesi bedendäki glisiniň derejesini ýokarlandyrýar. Glisin — nerwleri köşeşdirýän neýrotransmitter. Şeýle hem çopantelpek bedeniň temperaturasyny ýokarlandyrýar, netijede bolsa siziň organizmiňiz sowamaly bolýar. Bu bolsa tiz uklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, çopantelpek süýjiniň derejesini kadalaşdyrýar we artykmaç agramy aýyrmaga ýardam edýär.
    4. Kefir.Probiotiklere baý bolan keffir içegeleriňizde iýmitiň özleşmegini gowulandyrýan sagdyn bakteriýalaryň sanyny artdyrmak bilen oňa oňaýly täsir edýär. Şeýle hem ol witaminleri we minerallary has netijeli kabul etmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, British Journal of Sports Medicine neşirinde çap edilen barlaglaryň görkezmegine görä, kefir ukyny kadalaşdyrýar we türgenleşiklere oňaýly täsir edýär.
    5. Soýaly proteinli kokteýl. Süýt ýa-da belokly poroşok görnüşindäki soýa triptofan diýen aminokislotalara baýdyr. Birmingem uniwersitetinde geçirilen barlaglara görä, bu aminokislota ukynyň hilini kadalaşdyrýar, şeýle hem kortizolyň derejesini pese düşürýär. Bu bolsa artykmaç agrama garşy göreşmäge mümkinçilik berýär.
    6. Suw. Birinjiden, suw ukuda wagtyň dikeldiji täsir edýär. Ikinjiden, eger adam ýatmazdan öň suw içse, ertesi gün ukusyzlyk duýgusyny az duýýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

Mähri Jumaýewa 

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Mähri JUMAÝEWA

Ýene-de okaň

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary

Ynsan saglygy – ýurdumyzyň baýlygy