MEDENIÝET

Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan bu ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan altyn teňňeler tapyldy. Olar bu gymmatlyklary meýletin esasda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň «Daş metjit» halk hünärmentler muzeýiniň gaznasyna tabşyrdylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň alymlarydyr hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary tapyndylary içgin öwrenip, degişli maglumatlary topladylar.

Netijede, tylla teňňeleriň käbirleriniň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Goraghananyň ylmy işgärleri we hünärmenleri teňňeleriň tapylan ýerinde ylmy-gözleg işlerini-de geçirdiler. Şunlukda, bu ýerden Amyderýanyň köne akymynyň geçendigi anyklanylyp, gür ilatly ýaşaýşyň yzlary ýüze çykaryldy.

Alymlar tarapyndan öwrenilen teňňeleri Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak meýilleşdirilip, degişli resminamalar taýýarlanyldy. Netijede, olar 22-nji iýunda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda gürrüňi edilýän muzeýe gowşuryldy. Munuň özi taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamagyň, olary ylmy taýdan öwrenmegiň we geljek nesillerimize ýetirmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.

Dabaranyň dowamynda taryhy gymmatlyklary tapan raýatlarymyza — Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Sarygamyş geňeşliginiň ýaşaýjysy Bibijemal Berdigylyjowa hem-de Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjysy Annamuhammet Durdyýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň, Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlarynyň gowşurylmagy has-da täsirli boldy.

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy