TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Holandyň 29 ýyllyk rekordy

Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynda norwegiýaly ýaş futbolçy Erling Holand täze rekordyň eýesi boldy. Ol bu çempionatda ilkinji möwsümini doldurýandygyna garamazdan, 29 ýyllyk rekordy täzeledi.

“Mançester Siti” topary çempionatyň 28-nji tapgyryň yza galdyran duşuşygynda “West Hem” toparyny 3:0 hasabynda utdy. Bu duşuşykda 70-nji minutda Erling Holand tapawutlandy.

22 ýaşyndaky norwegiýaly futbolçy çempionatda 35-nji goluny geçirdi. Ol bu üstünlik bilen Endi Koulyň 1993-1994-nji möwsümdäki rekordyny täzeledi. Endi Koul şol möwsümde 34 gol geçiripdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle