JEMGYÝET

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraply meseleler, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasynyň esasynda kabul edilen Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi girizildi.

Mejlisde türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.

Iki döwlet üçin-de ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat we tehnologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşyjylar  onuň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Bu tewsirnamada göz öňünde tutulan iş meýilnamasy türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge goşant goşar.

Ýene-de okaň

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady