Hiňňillikde körän yşk.

(Hekaýa)

Öten agşam atly ýazýjynyň durmuş pelsepesinden püre-pür edip, zehin barнny siňdirip ýazan gyzykly eserine gyzygyp gijäniň bir wagtyna çenli oturypdyryn.

Şeýle-de bolsa adaty turýan wagtymda oýandym. Bu gün dynç alyş güni bolansoň ertirligimi howlukman ine-gana edindim.Agşamky okan eserimdäki beýan edilýän wakalary göz öňüme getirip, ep-esli pursat onuň täsirinden çykyp bilmedim.                                                                                                                                       Meniň özboluşly edähedim bardy.Hala iş güni bolsun, hala dynç alyş güni bolsun, agşamlyk şamyndan soňra ertirki ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny düzüp, ýörite depderçä bellik edip goýardym.Bu gün ilkinji sapary mawy deňziň kenaryndan başlamalydym.Deňziň örküç-örküç tolkunlaryny synlamakdan biçak lezzet alýardym.Özgeleri bilemok, meniň üçin ol tolkunlar ýnsan ömrüniň geçen sahypalaryny agdaryp duran ýalydy. Geçen günleriň düýş ýaly bolup galan süýji ýatlamalaryna berlenimi özüm-de duýman galýardym.    Tomus paslynyň  yssysynyň ýetjek derejesine ýeten möwsümidi. Ýöne mawy deňziň kenaryna barsaň salkyn howa kalbyňa rahatlyk berýärdi.Men saýaly agajyň goýry kölegesinde sünnälenip ýasalan agaç sekiniň üstünde ornaşyp, nepesimi  durladym.Kenaryň mähellesi özüne ýetikdi, kim ikibir-ikibir bolup gezelenç edýärdi, kim suwa düşýärdi. Şol wagt edil meniň garşymda duran agaç sekide iki sany özüm bilen ýaşytdaş görünýän gyz gelip oturdy.Olaryň biriniň elinde gazet, beýlekisiniň elinde bolsa owadan bezelgi saldamly kitap bardy.Gyzlaryň boýy kelteräginiň egninde ýaşyl köýnek, beýleki syrdam gyzyň egninde bolsa asmanyň reňki  bilen kybapdaş gök köýnegi pessaýja öwüsýän şemala pasyrdap, töwerege özboluşly gözellik paýlaýardy.Olara gözüm düşeninden meni alasarmyk pikirler öz girdabyna salyp başlady. ,,Şolmuka? Ýürek ýöne ýere gozgalaňa düşen däldir.” Men şeýle oýlara serimi dolduryp gyzlara baka ýuwaşja ýöräp ugradym.Birden gök köýnekli gyz bärsine öwrüldi.Oslagsyz duşuşyga huşumy ýitirene döndüm.   – Selbi, salam, bu düýşümmi ýa huşum?!!

-Salam,meniň özüm-de haýran. Biz gadyrly saglyk-amanlyk soraşyp,ep-esli wagt oturdyk. Meniň gözlerim gyza baksa-da, geçen günleriň süýji ýatlamalary öz girdabyna dolap alypdy.

*****

Biziň obamyz ümmülmez giň sähranyň goýnunda ileri-gaýralygyna uzalyp

otyrdy.Obanyň gündogar tarapy ulgam-ulgam gum depeleri bilen gurşalandy.

Galan üç tarapy bolsa alaň-açyk, boz meýdandy.Biziň gaýgy-gamsyz çagalyk döwrümiz şu obanyň goýnunda geçdi.Indi bolsa oglanlykdan saýlanyp, orta mekdebi tamamlamak mütdeti gelip ýetdi. Mekdebi gutardyş dabarasy şowhunly geçdi.Ýöne kalbymyzda hem şatlyk, hem gussa höküm sürýärdi.Şatlygyň sebäbi, indi her kim öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin özbaşdak ädim ätmelidi.Gussanyň sebäbi, şunça ýyl bile okan synpdaşlardan aýra düşmek agyr degýärdi. Men dabaradan soň synpdaşym Selbini öýlerine çenli ugratdym.Ýöne näçe merdemsiresem-de oňa köňülde mesgen tutan yşky duýdurmaga ejiz geldim. Selbi şol öňki alçaklygy bilen hoşlaşyp, öýlerine sowuldy. Şol ýyl ýurdumyzda aýratyn hormat bilen bellenip geçilýän Gurban baýramy maý aýynyň soňky hepdesine düşdi. Säher bilen gumuň eteginde, tekiz ürgün çägäniň üstünde gurlan hiňňilligiň töwereginiň mähellesi ýetikdi.Men synpdaşym Söýün bilen hiňňillige baka ýöräp barşymyza öňümizden çykan adamlary Gurban baýramy bilen mübärekleýärdik.Ýaşlar hiňňillik uçýardylar, biri-biri bilen degişýärdiler, aýdym aýdyp, küşt depýärdiler, ýürekdäki ýagşy niýetlerini paýlaşýardylar. Döwre gurap duran gelin-gyzlaryň arasynda gök köýnekli, humaý bolup duran Selbä gözüm düşdi. Nazarlar çaknyşdy.Gyz ejap bilen ýere bakdy.Hiňňillik  uçmak gezegi maňa ýetdi. Men şeýle bir batly uçýardym welin hemmäniň nazary mende ýalydy.Şol pursat özüme guwanç bilen bakýan Selbi gözüme ildi. Wagt günorta golaýlady. Jorasy bilen öýe barýan Selbiniň yzyndan ýetdik. Meniň birzatlar aýtjagymy duýan Selbi ädim ogurlap ,yza galdy.Pursatdan peýdalanyp, ony mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladym hem-de ýürekde öňräkden bäri şinelän söýgimi aýan etdim. Gyzyň ýüzi elwan reňke öwrüldi. Ol sesini çykarman, öyleriniň deňinde sowlup galdy.Men ,,Dymmaklyk-razylygyň alamaty’’diýip ýagşy niýet etdim.   Gurban baýramynyň ikinji güni dowam edýärdi.Obanyň oglan-gyzlary topar-topar bolup obadaky hiňňilliklere aýlanýardylar.Meniň nazarym ýoda bilen uz ýörişläp gelýän Selbä düşdi.Men onuň her ädiminden many gözleýärdim.Ol deňime gelip, eda bilen salam berdi.Özüniň düýnki aýdan sözlerme köpden bäri garaşandygyny uýaljyrap, zordan düşündirdi.Göwün guşum al-asmanda pel-pelledi. Tasdan,,Men nähili bagtly?!!’’ diýip zowladyp gygyrýardym.Hernä wagtynda aklyma aýlandym. Şeýdip ynsanlary biri-birine ysnyşdyrýan Gurban baýramynda aýan edilen yşk köräp başlady.

Okap bilersiňiz  Altyn Nurmuhammedowa: Bäsleşik ýaşlary döredijilige ruhlandyrýar

*****

Şol Gurban baýramyndan soňra men uniwersitete okuwa girdim. Selbi bilen günde gepleşmesem janyma jaý tapamokdym.Aradan üç ýyl geçdi. Birden Selbi edilýän jaňlara jogap bermän başlady.Bu ýagdaý lapymy keç edip, jebegäm daralyp başlady.Günler geçmeýän ýalydy. Synaglary tabşyryp, tomus dynç alyş günleri derhal oba gaýtdym.Anyklap görsem, Selbini ene-atasy öz ýakynlaryna durmuşa çykarmak isläpdirler. Emma Selbi tutanýerlilik bilen garşy çykyp, özüniň heniz durmuşa çykmak niýetiniň ýoklugyny ene-atasyna hoşamýlyk bilen düşündirmegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr.Ýöne şondan soňra ol birhili dymma, öýdeçil bolup, durmuşa biparh garapdyr.Ol meniň  çakylygyma hem gelip bilmedi. Men lapykeç bolup obadan gaýtdym.    Ine, indi iki ýyllap ara düşen böwşeňlikden soňra bize didarlaşmak miýesser etdi. Men okuwy tamamlap, öz hünärim boýunça şu deňiz kenaryndaky şähere işe iberlendigimi, bu ýerde ýaşap, işläp ýörenligimi gysgaça aýtdym.Selbi öz gezeginde uýasynyň jaý toýuna gelenligini, tiz wagtda Gurban baýramynyň ýetip gelýänligini, şol baýrama hökman meniň gatnaşmagymy haýyş edip syrly ýylgyrdy. Men:,,-Hiňňillikde körän söýgi gaýtadan tutaşarmyka?!!’’diýip, onuň ýüzüne söýünçli garadym. Selbi:,,-Ol ikimize bagly bolar”diýende didelerinden uçgun syçran ýaly boldy.

Asmanda ganat ýaýyp ýören çarlaklaryň owazy ,, -Şu gezek Gurban baýramynda hökman siziň toý sähediňiz bellener” diýýän ýaly gulaklara juda hoş ýakýardy.

 

     Güýçnazar Täşliýew,

Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş

okuw-terbiýeçilik  toplumynyň mugallymy. 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!