DÜNÝÄ

Hindistanyň ilçisi: TOPH gaz geçirijisine hemişe gyzyklanma bildirýäris

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine  hem-de Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini habar berdi. Bu barada “SNG.Today” neşiri habar berýär.

Diplomat Hindistanyň hemişe TOPH gaz geçirijisi bilen işjeň gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu taslamanyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine ynam bildirdi.

Sanlylaşdyrmak, maglumat tehnologiýlary we “akylly şäher” barada aýdylanda bolsa, Hindistanyň ilçisi öz ýurdunyň degişli düzümleriniň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

– Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlaygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän geljegi örän uly taslama – diýip, ilçi belledi.

Golaýda Türkmenistanda öz işine başlan Hindistanyň ilçisi öz ýurdunyň farmasewtika önüm öndüriji bazarynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridigini belläp, Arkadag şäheriniň senagat klasteriniň çäklerinde farmasewtika önümçiliginiň döredilmegine öz goşandyny goşup biljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär