TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti onlaýn geçiriler

Hindistan-Merkezi Aziýa birinji sammiti şu ýylyň 27-nji ýanwarynda onlaýn tertibinde geçiriler. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

– Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hindistan-Merkezi Aziýa sammitini 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirer – diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Berlen maglumata görä, Hindistan-Merkezi Aziýa birinji sammiti Hindistanyň sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Bu sammitde döwlet ýolbaşçylary Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem taraplar sebit hopwsuzlygy meseleleri bilen bir hatarda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşylar.

Premýer-ministr Şri Narendra Modi 2015-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna taryhy sapar etdi. Şondan soň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn forumlarda ýokary derejede duşuşyklar gçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 26-njy ýanwarda geçirilen Hindistanyň milli baýramy – Respublika gününiň dabaralaryna gatnaşmaga çagyrypdy. Hindistanyň Hökümeti bu babatda Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine resmi çakylyk hem iberipdi.

Ýöne bu ugurdaky meýilnamalar koronawirus ýokanjyna bagly ýagdaýlar sebäpli üýtgetmeli boldy.

Mälim bolşy ýaly, Hindistan-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ösdürilmegi üçin Hindistan-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrler derejesinde duşuşyklar yzygiderli geçirmek ýola goýuldy.

Ministrler derejesindäki duşuşygyň 3-njisi geçen ýylyň noýabr aýynda Hindistanda geçirilipdi.

 

2024-nji ýylda kosmosda studiýa açar

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle