TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hindistan G-20-niň mejlisini kabul eder

Bütin dünýäde öndürilýän önümiň 90, söwdanyň 80 göterimi, dünýä ilatynyň bolsa üçden iki bölegi, yklymlaryň tutýan meýdanynyň deň ýarysy G-20-ä, ýagny Ýer ýüzüniň iň ösen 20 döwletine degişlidir. Olaryň däbe öwrülen mejlisi dünýä ykdysadyýeti bilen bagly köp sanly çözgütleriň kabul edilýän ýerine öwrüldi. Hindistan G-20-niň 2022-nji ýyldaky mejlisini geçirmäge isleg bildirdi we bu isleg kabul edildi. Hindistan bu mümkinçilige ilkinji gezek eýe bolýar.

Bu barada G-20-niň Argentinada geçirilen 13-nji mejlisinde Hindistanyň Prezidenti Narendra Modi habar berdi. Munuň üçin döwlet Baştutany ilkinji nobatda Italiýanyň hökümetine hoşallyk bildirdi. Ozalky meýilnama boýunça 2022-nji ýyldaky mejlis Italiýada geçirilmelidi. Ýeri gelende aýtsak, 14-nji mejlis Ýaponiýada, 15-nji mejlis Saud Arabystany boldy.

― 2022-nji ýylda Hindistan Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram eder. Bu aýratyn ýylda G-20-niň mejlisini kabul etmäge hökümetimiz hem, halkymyz hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Biz size Watanymyzda hindi myhmansöýerligini wada berýäris. Mejlis bize-de ykdysady ösüşler babatynda G-20-ä ― Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Hytaýa, Ýewropa Birleşigine, Fransiýa, Germaniýa, Hindistana, Indoneziýa, Italiýa, Ýaponiýa, Meksika, Russiýa, Saud Arabystanyna, Günorta Afrika Respublikasyna, Koreýa Respublikasyna, Türkiýä we Angliýa ýakynlaşmaga mümkinçilik berer ― diýip, Hindistanyň döwlet Baştutany Argentinadaky çykyşynda aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle