DÜNÝÄ

Hindistan 7 tapgyrly saýlawlara taýýarlanýar

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanyň saýlaw topary ýurtda geçiriljek parlament saýlawlarynyň senesini yglan etdi. Tapgyrlaýyn esasda geçiriljek saýlawlar 19-njy aprelde başlanar.

Saýlawlara 1 milliarda golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar we bu hem dünýäniň iň uly saýlaw çäresi hökmünde hasaba alynýar. 970 million saýlawçy hasaba alyndy.

Ýurtda saýlawlar 7 tapgyrda 28 ştatda we 6 birleşik territoriýasynda geçiriler. 6 hepdelik ses bermek işi 1-nji iýuna çenli dowam eder. Şondan soňra sesler sanalyp başlanar we 4-nji iýunda yglan ediler.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bolsa üçünji möhlet üçin bäsleşýär.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi