SPORT

Hindi küştçisi dünýäniň iň ýaş çempiony boldy

Hindistanly küştçi Gukeş Dommaradju küşt taryhynyň iň ýaş çempion bolan küştçisi boldy.

Singapurda dünýäniň küşt çempionyny yglan etmek üçin ýaryş geçirildi. Onda ozalky çempion Hytaýyň küştçisi Din Ližen hem-de hindistanly küştçi Gukeş Dommaradju duşuşdy.

Küşt täjiniň eýesi bolamk ugrundaky ýaryşda hindi küştçi garşydaşy hytaýly küştçini 7,5:6,5 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde Gukeş Gukeş Dommaradju  dünýäniň 18-nji çmepiony boldy. Şeýle hem ol Wişwanatan Ananddan soňra küşt taryhynda çempion bolan 2-nji hindi küştçi boldy.

Hindistanyň Çennäý şäheriniň ýaş küştçisi 12 ýaşynda küşt dünýäsiniň ýyldyzy bolupdy. Ol mundan ozal, dünýäde 5-nji, Hindistanda bolsa 2-nji orunda barýardy.

Gukeş Dommaradju 1985-nji ýylda dünýä çenpiony bolan Garri Kasaparowdan hem 4 ýaş kiçi bolan döwründe, 18 ýaşynda çempion boldy. Mundan ozal, Kasparow 22 ýaşynda çempion bolup, dünýäniň iň ýaş küşt çempiony haspalanýardy.

Halkara Küşt federasiýasynyň bu ýaryşynyň pul baýragy 2,5 million dollar.

Ýene-de okaň

«Galkan» onunjy gezek Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempiony boldy

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen şertnama baglaşdy

Türkmenistanly eminler CAFA-nyň okuw-maslahatyna gatnaşýarlar

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçdi

Tükrmenistan bilen Portugaliýa futbol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri