TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Himiýa senagatynyň önümçilik kuwwaty barha ýokarlanýar

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynda başy başlanan giň göwrümli taslamalar halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkymyza ýokary hilli önümleri hödürlemäge uly mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan esasy wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral we gidromineral gorlaryndan doly we netijeli peýdalanmak bolup durýar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustyndaky «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini döretmek we onuň meseleleri hakynda» Karary esasynda döredildi.

Himiýa senagaty, esasan, uglewodorod serişdeleri we dag-magdan çig mallaryny gaýtadan işlemegiň içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan mineral dökünleri, mineral we gidromineral gorlary özleşdirmegiň netijesinde, ýod, brom we olaryň önümlerini, natriý sulfatyny, tehniki uglerody, nahar we tehniki duzlary ýaly beýleki himiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilendir.

Soň­ky ýyl­lar­da pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Di­ýa­ry­my­zyň dür­li ýer­le­rin­de hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän döw­re­bap kär­ha­na­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Olar dün­ýä­niň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­la­ry gur­mak we ola­ryň işi­ni ýo­la goý­mak, te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry bo­lan Türk­me­na­bat­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nda, “Te­jen­kar­ba­mid”, “Ma­ry­kar­ba­mid”, “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid”, “Ha­zar” hi­mi­ýa, “Bal­ka­na­bat” we “Be­re­ket” ýod za­wod­la­ry­nda, Gar­lyk ka­liý dag-mag­dan top­lu­my­nda we beý­le­ki kär­ha­na­la­r­da ýo­ka­ry zäh­met ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­ýar.

Uly ösüş­le­re eýe bol­ýan oba ho­ja­ly­gy üçin ze­rur bo­lan ýo­ka­ry hil­li mi­ne­ral dö­kün­le­riniň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Je­mi ön­dü­ril­ýän dö­kün­le­riň möç­be­ri Türk­me­nis­tan­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň azot önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni do­ly de­re­je­de ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na hem eks­port et­mä­ge müm­kin­çi­lik berýär. Şeý­le­lik­de, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň sa­ny­nyň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ma­gy hem-de bar bo­lan­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Himiýa pudagyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri we beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça soňky ýyllarda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Mysal üçin, 2014-nji ýylda Mary welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody guruldy. 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna bolan kükürt kislotasyny öndürýän önümhana açyldy, 2017-nji ýylda kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndürýän «Garabogazkarbamid» zawody ulanmaga berildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» himiýa pudagy boýunça geljekde ýene-de birnäçe önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň azotly dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Töre Annamyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Teswirle