TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, güneşli Diýarymyzda himiýa senagaty batly gadamlar bilen ösýär. Aýratyn-da soňky ýyllarda ýurdumyzda çig mallaryň gaýtadan işlenilýän hem-de baýlaşdyrylýan görnüşleriniň möçberi barha artýar. Şunlukda mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna bu pudak ösüşden-ösüşe barýar.

Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek we öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na hem uly orun de­giş­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Preziden­ti­miz ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­» tas­syk­lan­dy.

Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig maly öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Hu­su­san-da azot, ka­liý dö­kün­le­ri­ni, ka­us­tik so­da­ny, kü­kürt kis­lo­ta­sy­ny, am­mo­niý sul­fa­ty­ny, te­bi­gy kü­kür­di, teh­ni­ki ýo­dy, brom­ly de­mi­ri, re­zin-teh­ni­ki önüm­le­ri, lak–reňk ma­te­ri­al­la­ry, se­ment we beý­le­ki wa­jyp önüm­le­ri al­mak­ly­gyň tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry dö­re­di­lýär we döw­re­bap­laş­dy­ry­lýar. Ýo­ka­ry de­re­je­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan we komp­ýu­ter­leş­di­ri­len bu önüm­çi­lik­ler iň öň­de­ba­ry­jy hä­zir­ki za­man til­si­mat­la­ry we en­jam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­tin­de ýod-brom, Ga­ra­bo­ga­zyň te­bi­gy duz­la­ry­ny, Mag­dan­ly­nyň ka­liý, se­les­tin we beý­le­ki mag­dan­la­ry­ny has do­ly we top­lum­la­ýyn gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary bolan hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Hazar» himiýa, «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Guwlyduz» kombinatynyň, «Maryazot» hem-de «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we «Dökünhimiýa» kärhanasynyň ýokary önümçilik netijelerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Pudagyň kärhanalarynyň öndürýän esasy önümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin niýetlenendir. Sebäbi, oba hojalygyny ösdürmäge ýardam etmek himiýa pudagynyň ileri tutulýan wezipesidir. Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünleriň we himiýa önümleriniň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigi bizi hem guwandyrýar.

Kerimmyrat  Nurmyradow, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle