JEMGYÝET

Hiç Haçan Ýeke Naharlanmaň

Keýt Ferrassiniň “Hiç haçan ýeke naharlanmaň” eseri “Biznes reklama” gazetinde dowamly çap edildi. Terjime eden Seýitmyrat Geldiýew. Türkmen okyjylaryň arasynda bu esere bolan uly gyzyklanmany hasaba alyp, “Atawatan Türkmenistan” habar portaly bu eseri Size ýetirýär.

HIÇ HAÇAN

ÝEKE NAHARLANMAÑ

 

şeýle-de networkingiň beýleki düzgünleri

Aragatnaşyk hemme zady çözýär. Networking – dürli kärdäki adamlar bilen açyk, ýürekdeş gürleşip bilmek, peýdaly tanyşlyklaryň zynjyryny düzüp bilmek ukyby eýýäm köpden bäri Ýewropada, Amerikada adamlaryň, aýratynam, menejerleriň, telekeçileriň öwrenýän esasy endikleriniň biri. Häzirki wagtda dünýäniň 5 müňden gowrak täsirli adamlarynyň kontaktlaryny ýandepderçesinde jemlän bu kitabyň awtory diňe biznesde däl, durmuşda hem özara bähbitli gatnaşyklaryň giň akabasyny gurmagyň syrlaryny paýlaşýar. Onuň maslahatlaryna eýerip, ýöne bir arzuwlaryňyza ýetmek däl, eýsem, öz durmuşyňyzy gyzykly söhbetdeşler bilen hem bezäp bilersiňiz.

Bu kitaby ilkinji nobatda telekeçilere, ýolbaşçylara, galyberse-de, beýleki adamlara-da okamak maslahat berilýär.

Birinji bölüm.

Akylyňyzy sazlaň. 1-nji parça.

Nädip klubuň agzasy bolmaly?!

Aragatnaşyk – bu ähli zat. Dünýäde hemme hereket beýleki adamlara dahyllylykda bolýar. Hiç zat hyýal arkaly hasyl bolup bilenok. Özümizi özbaşdak ýaşap bilýän we kişä garaşsyz hökmünde görkezmegi bes edeliň-le.

Margaret Uitli

Entek Garward biznes mekdebiniň talyby dälkäm, «Eý, Hudaý jan, nädip olaryň arasyna goşulyp bilerkäm?!» diýip, birinji ýyl talyplara gözügidijilik bilen serederdim. Mende şol wagtlar iş tejribesem, maliýe taýýarlygam ýokdy. Emma daş-töweregime seredip, öz ýanymda eýýäm biznesiň ilkinji basgançaklaryna aýgytly gadam goýan birtopar maksada okgunly ýaşlaryň bardygyna göz ýetirdim. Olaryň aglabasy Uoll-stritiň naýbaşy firmalarynyň seljerme işlerinden habarlydy. Elbetde, men özümi olaryň ýanynda oňaýsyz duýýardym.

Ýogsa-da işçi maşgaladan çykan, erkin sungat boýunça bakalawr bilimli, bir-iki ýyl zawodda işlän ýigdekçe halyma Makkinzileriň we Goldman Sakslaryň neberesinden bolan oglanlar bilen nädip küşdüm deň gelsin?!

Men polat işleýänleriň we şahtýorlaryň kiçeňräk şäherçesinde ýaşaýardym. Ýaşaýan ýerimiz şeýlebir obapisintdi weli, bosagadan daş çykan ýeriňde goňşy jaýlar görnenokdam. Meniň kakam şäherçedäki polat zawodynda işläp, boş günleri gurluşyk etmek bilen gazanç edýärdi. Ejem goňşy şäherde lukmanlaryň, aklawçylaryň öýlerini syryp-süpürýärdi. Agam bolsa harby käri saýlap, özüni kiçijik şäherçeden halas edipdi. Men ýaňy ýöräp başlanymda mekdebiň ýokary synpynda okaýan aýal doganym durmuşa çykyp gidipdi.

Haçan-da, men Garward biznes mekdebine okuwa girenimde çagalygymyň ýakymsyz ýatlamalarynyň bary yzyna dolandy. Bary-da maşgalamyzda puluň azlygyna garamazdan, enem-atamyň agama, uýama nesip etmedik zatlary maňa bermäge çalyşýandygy zerarlydy. Olar meni baý hojalyklaryň öz çagalaryny okadyşlary ýaly okatjak bolup, ýokary galdyrjak bolup çyr-çytyrdylar. Köp çagalar limuzinde, BMW-de gatnaýarka ejem pahyryň meni hususy mekdepden köneje warak maşynymyzda alyp gaýdýany ýadyma düşende bokurdagym doldy. Ol çagalaryň biziň ulagymyzyň, sintetikden tikilen egin-eşigimiň, meşhur firmalaryň brendine meňzedilip galp tikilen krossowkamyň üstünden gülüşleri maňa her gün öz durmuş ýagdaýymy ýatladyp durdy.

Bu durmuş tejribesi meniň çözgüt tapmagym, üstünlige ymtylmagym üçin gowy sapak boldy. Ol tejribe meni şahsy garyplygymy ýigrenmäge mejbur etdi, «eýe bolmak» we «eýe bolmazlygyň» serhetlerini aýyl-saýyl edip berdi. Men özümi jemgyýetde ýekirlen ýaly duýýardym. Ýöne bu duýgular meni daş-töweregimdäkilerden has irginsiz işlemäge iterdi. Hawa, hut şol agyr hem tutanýerli zähmet meni Garwarda girmek bagtyna miýesser etdi. Ýene-de bir zat meniň beýleki talyplardan saýlanmagymy görnetin artdyrdy. Entek Kembrije gelmezimden ep-esli öň meniň bile okaýan deň-duşlaryma başartmaýan zat mende bolupdy.

Oglantaklygyma garamazdan, golf kluba işe durup, goňşy şäherdäki baýlaryň we olaryň çagalarynyň golf taýakly torbalaryny egnimden asyp, meýdançada olaryň yzynda gezerdim. Bu işde men ýuwaş-ýuwaşdan käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, beýlekileriň gazanmaýandygyna düşünip başladym. Şol günler dünýägaraýşymy üýtgeden bir zada üns berdim.

Egnim torbaly aýlanyp ýörşüme, ejem-kakamyň düýşüne girmedik baýlyga eýe bolan ol adamlaryň biri-birini goldap, kömek edýändiklerini gördüm. Olar biri-birine gowy iş tapmaga kömek edýärdiler, öz süýşüren pullaryny hem ideýalaryny paýlaşmaga döwtalapdylar, biri-biriniň çagalary üçin iň gowy mekdepleri maslahat berýärdiler.

Men göz ýetiren tejribämde üstünligiň täze üstünlige ýetirýändigine, baýlaryň ýene-de baýaýandygyna düşündim. Dostlaryň we tanyşlaryň kömek-goldawy üstünligiň iň ygtybarly kepili eken. Garyplygyň ýöne bir maliýe ýetmezçiligi däl-de, eýsem, arzuwlaryň amala aşmagyna kömek edip biljek daş-töweregiňi gallaýan birtopar adamlardygyna-da akyl ýetirdim.

Durmuş hem edil golf ýaly, belli bir ýagdaýda oýun eken. Oýnuň düzgüninden habarly adamlar köp utuş gazanýarlar. Durmuş oýnunyň iň esasy düzgüni bolsa, gerekli adamlary tanap, tanyşlygyňy peýdalanyp bilmek eken. Şol aragatnaşyklary dogry ulanyp, durmuşy golf taýaklary salnan torbany süýremekden başlan bolsaňam, saýlananlaryň klubuna agza bolup bilersiň.

Men durmuşda akylyň, zehiniň we gelip çykyşyň esasy zat däldigine düşündim. Bu zatlaryň hem zerurlygy bardyr, ýöne «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýlişi ýaly, ýekelikde alan galaň bolmajakdygyna düşünmeseň, onda ol artykmaçlyklar peýdasyzdyr.

Meniň bagtyma, men durmuşda şeýlebir üstünlige ýetmek isläpdim (dogrymy aýdýaryn, üstünlige ýetmerin öýden gorkym heniz-henizlerem süňňümden çykanok). Eger şeýle bolmadyk bolsa, golf klubda bile işlän köp dostlarym ýaly, kesekileriň durmuşyny keseden synlardym.

Men adamlar bilen aragatnaşygyň örän uly güýçdügine hanym Poland bilen gürleşenimde ilkinji gezek düşündim. Kerol Poland agajy gaýtadan işleýji ägirt uly zawodyň eýesi bolup, onuň ogly Brett bolsa meniň bile okaýardy, dostumdy. Meniň şol wagtlar Brette meňzäsim gelerdi (ol süňňi sagdyn atletdi, baýdy, gyzlaryň ýanynda abraýlydy).

Hanym Polandyň ýanynda golf taýaklary salnan torba göterip ýörşüme islendik ýaryşda ýeňiş gazanmagy üçin elde barymy edýärdim. Säher bilen gidip, geçilmeli aralygy öňünden öwrenip goýýardym. Golf pökgüjiginiň otuň üstündäki tizligini ölçeýärdim. Hawa, tiz wagtdan hanym Polandyň üstüne üstünlikler ýagyp başlady. Golf boýunça zenanlaryň arasyndaky her ýaryşda onuň utmagy üçin arman-ýadaman işleýärdim weli, ol öz joradyr dostlarynyň ýanynda meniň artykmaçlyklarymy öwüp başlady. Meniň bilen beýleki oýunçylaram  gyzyklanyp başlady.

Golf meýdançasynda her günde otuz çukurjyga çenli ýöremeli bolsa-da, kyn göremokdym, esasy zat, meni ýanlaryna alsalar bolýardy. Klubuň ýolbaşçysy meniň üçin edil patyşa ýalydy. Işläp başlan birinji ýylymda hyzmat ediş işgärleriniň arasynda iň gowy işgär hökmünde saýlanamsoň, dogduk şäherine ýaryşa gatnaşmaga gelen Arnold Palmere hyzmat etmäge bellediler.

Arni hem meniň ýaly torba götermekden başlap, golf klubunyň eýesi derejesine çenli ösüpdir. Ol meniň üçin kyblagähdi. Durmuşda we golfda üstünlige ýetmegiň önüp-ösen maşgalaňa asla bagly däldigine ol diri subutnamady. Esasy zat klubda deň derejeli hökmünde ykrar tapyp, (elbetde, zehinem gerekdir) kabul edilişiňe baglydy. Şeýle hukugy käbir adamlar öz nebereleri ýa-da puly arkaly gazanýar, Arnold Palmer ýalylar bolsa öz işiniň ussady bolup, üstünliklere daban azaby bilen ýetýärler.

Öz artykmaç tarapymyň başarjaňlyk hem erjellikdigine oňat düşünýärdim. Arni maňa geçmişiň geljek üçin maýalyk däldigini düşündirýän adamdy. Men birnäçe ýylyň dowamynda dynç alyş günleri, beýleki günlerem günde-günaşa gatnap ýöremsoň, Polandlaryň maşgala agzasy ýaly bolup gidipdim. Brett ikimiz aramyzdan gylgeçmez dostduk, olaryň maşgalasam öz maşgalam ýaly mähribandy. Hanym Poland meni klubuň maňa kömek edip biljek ähli agzalary bilen tanyşdyrypdy. Eger erjelligimiň haýallap başlanyny bilse-de, bada-bat duýdurardy. Men golf meýdançada oňa elde barymy edip kömek ederdim, ol hem meniň zähmetime jogap hökmünde durmuşda aýaga galmagyma kömek edýärdi. Men ol zenandan jomartlyk babatda ýönekeý, ýöne örän wajyp bir sapak aldym. Eger sen beýlekilere kömek etseň, beýlekilerem saňa kömek edýär. Bu ebedi ýörelgä adamlar bir-biregi goldamak diýýärler. Ozallar şu düşünjä diňe ýakynlaryň hakda alada etmekdir öýdýärdim. Biziň ählimiz biri-birimiz hakda alada etmeli, biri-birimiziň durmuşymyzy ýeňilleşdirjek bolmaly.

Şol sapak eýýäm Garwardyň birinji çärýeginde maňa kömek etdi. Men şahsy aýratynlyk we basdaşlyk etmek ruhunda terbiýelenen talyplaryň düýbünden nädogry ýaşaýandygyna göz ýetirdim. Islendik bir pudakda, aýratynam, biznesde üstünlik adamlara garşy işlemek bilen däl-de, eýsem, olar bile işlemek arkaly gazanylýar. Hiç bir möçberdäki dollarlar, sentler ozaldan gelýän ýörelgäni üýtgedip bilmez: biznes – bu adam zähmeti, biznesdäki her bir hereketem adamlar kesgitleýär. Okuwyň ikinji çärýegi başlanda men öz-özüme kinaýa bilen sowal berdim: «Bu adamlar bu ýere nädip düşdülerkä?!»

Bile okaýan deň-duşlarymyzda esasy zadyň – daş-töwerekdäkiler bilen dostlugy berkidip, düşünişip bilmegiň ýetmezçilik edýändigine akyl ýetirdim. Amerikada biznes edýän adamlaryň aglabasy şahsy aýrybaşga ýaşamak ruhunda terbiýe alanlardy. Gatnaşýan adamlary arkaly ösmek, bähbit tapmak isleýänler ýaranjaň, ýallaky hasaplanylýardy.

Adamlaryň hakyky dostlukly gatnaşyk, ýürekdeş gürrüňdeşlik açmak isleýän halatlary olara ters düşünýänlerini köp gezek görüpdim. Golf meýdançasynda synlan adamlarym we dürli maşgalalar biri-birine kömek edenlerinde «El eli ýuwar…» diýip, hiç hili bähbit idemezden edýärdiler. Hiç kim hasap-hesip ýöredip ýagşylyk etmezdi.

Ýyl geçdigiçe adamlara haýyr etmek bilen özümi tanaýanlygymy, durmuş tejribämiň baýlaşýandygyny bildim. Bu meniň durmuşymyň aýrylmaz ýörelgesi bolup, ony işimde-de, şahsy durmuşymda-da ulanmagy endige öwürdim. Şeýle bolsa-da, mähirsiz, sowuk bähbitkeş pikirim ýokdy. Meniň üçin esasy zat zerur gatnaşyklary ýola goýmak däl-de, özümde bar zatlary we mümkinçiliklerimi paýlaşmakdy. Dostlaryma kömek etmek üçin wagtymy, energiýamy gysganmazdym. Dostlarymy tanyşlarym bilen tanyşdyryp, olara kömek edip biljek adamlary tapyp, özümem ýene şonça dostly-tanyşly hem baý bolýardym. Men kontaktlar boýunça dispetçer däl-de, adamlara çuň hem berk gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edýärdim, şeýle işe sebäp bolýanyma-da begenýärdim.

Öz daş-töwereginde özara bähbitli gatnaşyklaryň mäkäm ulgamyny döredip bilýän adamlar biznesde hemişe üstünlige ýetýärler. Eger siz biznesiň zandyna aralaşyp bilseňiz, bir adamyň nämedir bir zady beýlekilere satmak maksadynyň ýatanlygyna düşünersiňiz. Bu işe baş goşsaňyz, söwda markalaryndan we tehnologiýadan başlap, dizaýn we nyrh emele getirilişine çenli bäsdeşligiň, basdaşlygyň içinde ideýaňyz bile ýitip gitmegiňizem ahmal. Emma islendik hususy kärhananyň ýolbaşçysyndan, tejribeli telekeçilerden nädip üstünlige ýetendigini sorap görseňiz, «Öz-özüm ýetdim» diýip jogap berse, aýdanyňyzy bereýin. Eger ol dogruçyl bolup, halys ýürekden aýtsa, üstünlige, baýlyga tarap barýan ýoly görkezen, kömek eden adamlar hakda aýtjagyna kepil geçýärin.

Ynsanara gatnaşyklaryň güýjüni ýigrimi ýylyň içinde durmuşda-da, işde-de işjeň ulanyp, men şeýle netijä geldim – adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlap bilmek – biznesdäki hem durmuşdaky üstünlikleriň açary. Näme üçin şeýledigini aýdaýynmy?! Sebäbi adamlar tanaýan we halaýan adamlary bilen iş salyşýarlar. Islendik ugurda dereje gazanmagam şu ýörelgä daýanýar. Köp sanly seljermeleriň görkezişine görä, biziň umumy gazanýan üstünliklerimiz, duýýan bagtymyz hem jemgyýet tarapyndan goldanylmagymyza, daş-töweregimizdäki adamlaryň garaýşyna bagly.

Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary nädip dogry guramalydygyny takyklamak üçin maňa köp wagt gerek boldy. Ýöne men indi orta mekdepdäki ene-atalar toparynyň başlygy ýa-da ýolgörkeziji ýolbaşçy bolmak islesem, haýsy adamlaryň kömeginiň gerek boljakdygyny anyk bilýärin.

 

(Dowamy indiki sanymyzda)

 

Indiki sanymyzda:

Hiç haçan bir öz güýjüňize bil baglamaň!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Ata Watan Eserleri