TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy Szýan Szemin 96 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Szýan Szemin 1993-2003-nji ýyllar aralygynda HHR-iň Başlygy wezipesinde işledi. Ondan soňra bu wezipäni Hu Szintao eýeledi.

Szýan Szemin 1926-njy ýylyň 17-nji awgustynda Hytaýyň Szýansu welaýatynda dünýä indi. 1946-njy ýylda Hytaýyň Kommunikstik partiýasyny agza boldy. 1947-nji ýylda Şanhaý uniwersitetiniň Elektrik ulaglary fakultetini inžener-elektrik hünäri boýunça tamamlady.

30 ýyl Maşyngurluşyk ministrliginiň ulgamynda işledi. Şeýle hem ol Döwlet import we eksport meseleleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary we ýerine ýetiriji sekretary, soňra başlygyň orunbasary we daşary ýurt maýa goýumlaryny dolandyrmak boýunça döwlet komitetiniň sekretariatynyň baş sekretary boldy. 1985-nji ýyldan 1989-njy ýyla çenli Şanhaýyň häkimi bolup işledi.

1989-njy ýylda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine saýlandy. Onuň döwründe Hytaýyň ykdysadyýeti dünýäde 7-nji orna çykdy, Hytaý Bütindünýä söwda guramasyna agza boldy, Şanhaýda ASEAN-yň sammitini gurnady we 2008-nji ýylda Hytaýda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň gazanylmagyna goşant goşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle