TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Her bir ýeňiş üçin 3 müň agaç

Angliýanyň “Arsenal” toparynyň goragçysy Hektor Bellerin dünýäde tokaý zolaklarynyň döredilmegi hem-de olaryň sanynyň köpeldilmegine goşant goşmak maksady bilen haýyr-sahawat kompaniýasyna goşulmagy makul bildi.

25 ýaşly futbolçy şu möwsümde “Arsenal” toparynyň her ýeňşinden soň 3 müň agaç nahalynyň oturdylmagy üçin maliýe kömegini berjekdigini mälim etdi. Şeýle hem ispan goragçy özüniň “Instagram” sahypasyny yzarlaýan janköýerleriniň hem bu asylly çärä goşulmaga we haýyr-sahawat etmäge çagyrdy. “Arsenal” toparynyň şu möwsümdäki galan duşuşyklary: “Mançester Siti”, “Braýton”, “Sautgempton”, “Norwiç Siti”, “Wulwerhempton”, “Lester Siti”, “Tottenhem”, “Liwerpul”, “Aston Willa” we “Watford” toparlary bilen duşuşar. Häzirki wagtda “Arsenal” çempionatda 40 utugy bilen 9-njy orunda barýar.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Teswirle