TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (31-awgust 6-sentýabr)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Daş-töweregiňize gözüňizi aýlaň. Dünýä aýlanmagyny dowam etdirýär, bu gün alada edýän zatlaryňyz ertir bir gymmatly zadyňyzy ýitirip biler. Şonuň üçin hiç zady alada etmäň. Hemme zady öz akymyna goýberiň. Negatiw adamlary ret etmegiň wagty geldi. Geljek hepdede hamallaryň saglyk ýagdaýlaryna hem gowy seretmelidiklerini ýyldyzlar duýdurýarlar. Maliýe taýdan üstünlik gazanarsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar geljek hepdede duýgy we maddy durmuşyna, şahsy ösüşine azajyk köpräk üns bermeli. Hünär taýdan özüňizi birneme gowulaşdyrmak, geljekki durmuşyňyz üçin maliýe taýdan girdeji getirer. Bu sizi has bagtly eder. Işlerini öz wagtynda we dogry ýerine ýetirýän adamlar zähmetkeş däl-de, üstünlik gazanýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Saglygyňyza şu wagta çenli kän bir üns bermedik bolsaňyz, birneme öz saglygyňyza seretmegi ýyldyzlar duýdurýarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Tamamlanmadyk pikirleriňiziň, işleriňiziň hemmesi gutarmak isleýärsiňiz. Ýatda saklamaly iň möhüm zat, durmuşda hemme zady bitirip bilmezligiňizdir. Geljek hepdede özüňizi täze başlangyçlara bagyşlamaly bolmagyňyz mümkin. Iş durmuşyňyzda yzygiderli täzelikler bar we maddy ýagdaýyňyz gün-günden gowlaşýar. Saglygyňyza gowy serediň. Çünki sagdyn beden sizi sagdyn psihologiýa bilen üpjün eder we durmuş derejäňizi ýokarlandyrar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Geljek hepdede seretanlaryň rahatlanmagyň wagty geldi. Siz geljek hepdede diňe saglygyňyza has üns bermelisiňiz. Saglyk siziň üçin peýdaly, ýöne töweregiňizdäki negatiwligi özüňizi aladalandyrmak üçin ulanmaň. Köp keseller keýpimize görä ýüze çykýar. Özüňiz hakda alada etmegiň ýerine, sagdyn bolmak üçin näme etmelidigiňizi oýlanyň. Geljek hepdede maşgala agzalaryňyz size düşünmeýän ýaly duýup bilersiňiz. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, olar siziň gowlugyňyzy isleýär.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepdede esetleri käbir aladalar we aladaly pikirler gurşap biler. Bu ýagdaý durmuşuňyzda çalt ýokarlanmalara we peselmelere sebäp bolup biler. Bu ýagdaý maliýe durmuşyňyza hem täsir edip biler. Geljek hepdede duýdansyz karar bermezlige synanyşmagyňyzy ýyldyzlar duýdurýarlar. Saglyk durmuşdaky iň möhüm baýlykdyr. Bu mesele barada azajyk alada etmegiňizi maslahat berilýär. Maşgalaňyza zyýarata gidiň, olar bilen syr alyşyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepdede sünbüleleriň durmuşy düýpgöter üýtgär. Emma üýtgeşmeler sizi biraz gorkuzýar. Içiňizi rahat tutuň. Hiç zady alada etmäň. Bu döwür, saglygyňyz bilen bagly meseleleriňizi ara alyp maslahatlaşmagyň wagtydyr. Maşgala ýaşululary size düşünmeýän şekilde köne pikirli ýaly bolup görünip biler. Emma ýadyňyzdan çykarmaň, olaryň niýetleri siziň ýamanlygyňyz üçin däldir. Indi diňe özüňiz etmeli işleriňize ünsi jemlemegiň wagty geldi.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar geljek hepdede halaýan adamlaryňyz hakda birneme alada etmeli. Hakyky maşgalany we dostlugy hiç zat bilen çalşyryp bolmajagyny ýadyňyzdan çykarmaň. Bile wagt geçirmek, gyzykly gürrüňler bilen ýakynlaryňyza hasda ýakynlaşyň. Aşa köp uklamak ýa-da ukusyzlyk siziň esasy saglyk meseläňiz bolup biler. Maşgalaňyzdaky ýaşululara  gulak salyň. Olaryň aýdýanlaryny üns bilen diňläň, çünki aýdyň aýdyp bilmeýän käbir zatlary bar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Käbir zatlar akraplara negatiw ýaly görünýär. Negatiw pikirlerden daşda duruň we sabyr ediň, ýakyn wagtda siziň üçin gowy zatlaryň bolup geçjekdigini düşüniň. Geljek hepdede akraplar saglygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň wagtydyr. Iş üçin wagtyňyzy artyk sarp etmek zähmetsöýerlik diýmek däl. Has netijeli işlemegiň usulyny tapsaňyz, gaty köp isleýän zatlaryňyza ýetersiňiz. Başgalaryň nädip edenini göçürmek, size laýyk gelmeýän zatdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Öňümizdäki hepdede kowuslar durmuşy we maddy taýdan kararsyz duýup bilerler.  Bu duýgy sizi birneme negatiw netijä getirip biler. Kararsyzlyk çäginde galmak, nädogry karar bermek çykdajylara sebäp bolup biler. Geljek hepdede maliýe kynçylyklaryňyz gutarýar. Biraz köp pul sarp etmän, gazanmaga üns beriň. Biraz pul tygşytlamagy ýatdan çykarmaň. Tygşytlylyk arzuw edýän zadyňyza ýetmek üçin ilkinji ädim bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Häzirki wagtda jedileriň bagt ýyldyzy şöhle saçýar. Geljek hepdede siziň ähli işleriňiz şowly bolar. Maşgalaňyz bilen söhbetdeş boluň. Şu gün wagtym ýok ýaly bahana tapmaň. Wagtyň size garaşmaýandygyny bilýärsiňiz. Eger-de juda mümkinçilik az bolsa käwagt jaň etmek ýeterlikdir. Bu döwürde tygşytly bolmagy ýyldyzlar duýdurýarlar. Çykdajylaryňyzy hakykatdanam zerur zatlara sarp etmegiňizi maslahat berilýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Öňümizdäki hepdede daluwlar saglyklaryna has üns bermelidirler. Öň başdan geçiren allergiki ýagdaýyňyz bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Immun ulgamyňyzy ýokarlandyryjy iýmitler bilen iýmitleniň. Geljek hepdede maddy üpjünçiligiňiz ýokarlanar. Şeýlede hem bu döwürde size hoş habarlar garaşýar. Şol hoş habarlar siziň durmuşuňyzy özgerdip, sizi bagtly bolmagyňyza ýardam eder.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Kelläňizde gutaryp bilmedik pikirleriňiz we islegleriňiz bu döwürde sizi has ýadadyp biler. Alada etmäň, ähli zat ugruna bolar. Maddy taýdan başga biriniň kömek etmegine garaşmaň. Çünki ýadyňyzdan çykarmaň, bu siziň durmuşyňyz. Ähli zady özüňiz baş alyp çykarmagy başarmalysyňyz. Sagdyn we asuda durmuşa ünsüňizi jemleseňiz gowy bolar. Diňe sagdyn durmuşa daýanyň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanşykly habarlary,

 

Ýene-de okaň

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Teswirle