Hepdelik täleýnama (22-28-fewral)

2021-nji ýylyň 22-28-nji fewraly aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamallar esasanam duýgy dünýäsinde möhüm wakalary başdan geçirmegi mümkin. Ýaş juwanlaryň öz söýgüsine gowuşma mümkinçiligi artýar. Jaý toýuny toýlajak hamallara bu hepde örän amatly bolar. Emma, ​​muňa garamazdan maddy meselelere üns bermeli bir döwri başdan geçirersiňiz. Hepdäniň ahyrynda saglygyňyza aýratyn üns beriň!

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepde sowurlar dostlary, doganlary we maşgalasy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermelidir. Mundan başga-da, bu hepde maddy ýagdaýyňyzyň ýokarlanmagyna garaşylýar. Geljekde ýyldyzlar goşmaça maliýe mümkinçiliklerinden peýdalanmagy maslahat berýär. Şeýle hem töweregiňizdäkilere kän üns bermäň. Olar size ýalňyş düşünip biler.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepde jöwza ýyldyzy astynda doglanlar üçin şowly bolar. Täze başlangyçlary, täze sepgitleri babatynda alyp barýan işleri has-da şowlar. Şeýle işleriň dowamynda maddy ýagdaýynyň gowlanmagy, sizi geljekki üstünliklere has-da ruhlandyrar. Ýöne bu döwürde öz saglygyňyza aýratyn üns bermek zerurdyr. Wagtynda lukmana ýüz tutmak ýeterlikdir.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde seretanlaryň durmuşy möhüm wakalara baý bolar. Bu döwür esasan hem seretanlaryň awtoulag satyn almak ýa-da satmak babatda alyp barýan işleri has-da oňyn netijeler berer. Emma muňa garamazdan seretanlar bu döwürde maddy üpjünçiligine aýratyn üns berip, pul serişdelerini tygşytly peýdalanmak maslahat berilýär.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepde esetleriň durmuşy tolgundyryjy wakalara baý bolar. Heniz ýetginjek ýaşyndaky esetler öz söýgüsine ýetmek, ýaş juwanlara bolsa toý tutmak ýaly oňat başdan geçirmeler garaşýar. Toý tutan ýaş juwanlaryň bolsa enaýyja bäbejige gözi düşer. Hepdäniň ortasy has hem şatlykly başdan geçirmelere baý bolar. Bu döwür saglyk ýagdaýyňyz adatdakylar ýaly oňat.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde sünbüleleriň durmuşynda käbir zatlar hakda azajyk kelle agyry bolup biler. Bu hepde kariýeraňyz babatda edilmeli zat köp bolsa gerek. Bu bolsa, sizi ýadawlyga tarap iterer. Ýöne özüňize bähbitli bolan karary bermelisiňiz. Çünki bu döwür siziň geljegiňize uly täsirini ýetirip biler. Alada etmäň. Diňe maksadaokgunly hereket ediň. Hemme zat öz ugryna bolmalysy ýaly bolar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepdede mizanlar men-menlikden seresap bolmalydyrlar. Özüňize dogry baha bermegi başaryň, işdeşleriňiziň ýardamyndan ýüz öwürmäň. Bu hepde iş orunlaryňyzy çalyşmak maslahat berilmeýär. Ýyldyzlar geljek hepdede mizanlaryň ruhy hem-de intellektual taýdan ösmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreder.

Okap bilersiňiz  COVID19 Habarymyz bimaza etti: Instagram hasabymyza haker hüjümi

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepdede akraplar dynç almak islärler, öýlerinde ýüze çykan gaýragoýulmasyz mesele sebäpli, ony çözmegiň ýollaryny gözlärler. Alyp barýan işiňizde yhlas bilen zähmet çekiň, täzelikler bilen tanyş boluň, arzuw-hyýallaryňyz tiz hasyl bolar. Maddy-üpjünçilik ýagdaýlaryňyz gowulanar.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepde kowuslar ruhy galkynyşy başdan geçirerler. Hepdäni işleriňizi, durmuşyňyzy düzgün-tertibe salmak üçin sarp ediň. Bu hepde sport bilen meşgullanmak üçin hem amatlydyr. Özgelere baha bereniňizde hakykaty aýtmaga çalşyň. Hepdäniň ikinji ýarymy gepleşiklere we iş bilen bagly duşuşyklara baý bolar.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdäni jediler içki joşgun, durmuşa bolan uly höwes bilen garşylarlar. Jediler aýgytly hereket üçin güýç toplasalar taslamalaryny üstünlikli tamamlarlar. Hepde jedi ýyldyzynyň astynda doglanlara iş bilen bagly gelýän teklipleriň, täze-täze mümkinçilikleriň, üstünlikli meýilnamalaryň bardygy üçin gyzykly bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar golaý adamlary bilen mähirli gatnaşyklary ýola goýmalydyrlar. Işewür duşuşyklaryňyzyň sanawyna maşgala agşamlaryny goşmagy hem unutmaň. Bu hepde daluwlara iş orunlarynda özlerini görkezmek üçin amatlydyr. Öz gazanan netijeleriňizi aýtmaga çekinmäň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepdede hutlar köp girdejini wada berýän işi kabul etmelimi ýa-da ýok diýen ýaly sowalyň çözgüdini tapmak üçin oýlanmaly bolarlar. Belli bir netijä gelmeziňizden ozal, şol girdejini gazanmak üçin näçe wagt garaşmalydygyny hem anyklaň. Maddy-üpjünçilik babatda hutlar geljek hepdede işbaşarjaň adamlar üçin çykdajy etmeli bolarlar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.