TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (21-27-nji fewral)

2022-nji ýylyň 21-27-nji fewral aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Ýyldyzlar size beýle romantik hepdäni uzak wagtlap wada bermedik ýaly. Ýumşak duýgularyň güllemegi baradaky teswirler zeruram däl. Mundan başga-da, hepde özüňize seretmek üçin amatly. Täze egin-eşik alnyp özüňizi begendirip bilersiňiz. Çünki bu hepde maddy taýdan hem bolelinligi wada berýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýekşenbe güni hyzmatdaşlykda dawa-jenjellerden gaça duruň. Bu, indiki hepde üçin ýeke-täk duýduryşdyr. Galan ýagdaýlarda, hepde gaty gowy. Siziň energiýa işlemek we özüňizi gowy görnüşde saklamak üçin ýeterlik bolar. Umuman, hepde şowly bolmaklygy wada berýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Duşenbe bulam-bujar gün bolup biler. Ol gün gepleşikler, söhbetdeşlikler ýa-da ekzamenler üçin amatly däl. Ýöne sişenbe gününden başlap, bulam-bujarlygy tertipleşdirip bilersiňiz. Dogrusy, siz ony öz peýdaňyza öwürmegi öwreniň: hepdäniň dowamynda kararlaryňyz garaşylmadyk bolup biler. Wakalar bolsa, diňe bir logika boýunça däl-de, eýsem hakykatdan-da dogry bolup biler. Siziň üçin iň gowy gün şenbe.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Hepdäniň birinji  ýarymy diýseň hyjuwly bolar. Emma, arzuwlaryňyza ýetmek size aňsat bolmaz. Umuman aýdanyňda, has uly meýilnamalaryňyzy häzirlikçe özüňizde saklasaňyz gowy bolardy. Diňe penşenbe güni ýagdaý siziň peýdaňyza üýtgäp başlar. Iş günleriniň içinde, anna güni şowly hasap edilip bilner. Emma dynç günleri gaty gowy geçmegi wada berýär.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Akyma görä akmazlyk we köpçülikden saýlanmaklyk – gahrymançylykly bir iş. Emma iş ýüzünde, umumy kabul edilen bu söweş köplenç manysyzdyr. Ine, geljek hepdäni şu görnüşde düşündirip bolar. Şonuň üçin gapma-garşylykly ýagdaýlarda ruhuňyzy köşeşdiriň: maksada indi diňe aýak basylan ýollar arkaly ýetip bolýar. Dynç günleri meditasiýa etmek we beýleki ruhy amallar üçin amatlydyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Hepdäniň birinji ýarymynda tertip-düzgün we ünslülik bilen bagly çynlakaý meseleler bolup biler. Esasy maksatlara ünsi jemlemek kyn bolup biler, möhüm zatlary ýatdan çykarmak howpy we ş.m. bolar. Ýatladyjy enjamlary işjeň ulanyň, ýöne umuman aýdanyňda, bu döwri çynlakaý meseleler bilen ýüklemezlik has gowudyr. Mundan başga-da, birneme garaşmaly bolarsyňyz: hepdäniň ikinji ýarymy has üstünlikli.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepde tutuşlygyna romantiki başdangeçirmelerden doly boljakdygyny wada berýär. Söýgi meselesinde beýle üstünlikli hepde sizi haýran galdyrar. Şeýlede, bu hepde, işlemek üçin wagtyňyz we güýjüňiz bar bolsa, özüňizi iň gowy tarapdan görkezmek üçin ähli mümkinçilikleriňiz bar. Gysgaça aýdanyňda, has köp duýgy sarp edýän-de bolsaňyz, ajaýyp hepde.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akylly we tejribeli halypanyň ýa-da gödek, ýöne adalatly kazy rolunda size hiç kim deň bolmaz. Bu, mugallymlar we ene-atalar üçin hem amatly pursat (emma çagalar siz gaty talabediji we agras diýip pikir edip bilerler – esasanam hepdäniň birinji ýarymynda). Siziň alamatyňyz üçin iň amatly günler anna we şenbe günleri bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

“Gowy işler sizi meşhur etmez” – diýip, köne multfilmiň meşhur aýdymynda aýdylýar. Emma bu tassyklamany aç-açan ret etmek üçin ähli mümkinçilikleriňiz bar. Hepdäniň dowamynda, ýagşy işleri etmäge çyn ýürekden we işjeň synanyşarsyňyz. Bu bolsa beýlekileriň arasynda abraýyňyzy we meşhurlygyňyzy artdyrar. Penşenbe we anna günleri söwda etmekden ýüz öwürmek has gowudyr, gaty köp çykdajy etmek howpy bar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Sişenbe we çarşenbe günleri çynlakaý synag günleri bolup biler. Häzirki wagtda başlangyçlaryňyzyň goldaw tapmagy gaty ähtimal, ýolda päsgelçilikler bolar. Şonuň üçin ýolbaşçylaryň ünsüni çekmezlik has gowudyr. Ýöne penşenbe güni päsgelçilikleri ýeňip geçersiňiz we indiki ýol gaty asuda bolar. Şeýle-de bolsa, hepdäniň iň gowy güni ýekşenbe bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Hepde maddy taýdan amatly. Peýdalanmaýan serişdäňiz bar bolsa, olary maýa goýmak üçin iň amatly wagtdyr. Beýleki tarapdan, hepde diýseň oňyn. Hatda penşenbe we anna günleri diňe bir şu hepdede däl, eýsem ýylyň başyndan bäri bolan günleriň içinde iň şowlusyna öwrülip biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geçen gezekki ýaly, hepdäniň birinji ýarymy zähmet üstünliklerine has amatlydyr. Hepdäň ikinji ýarymyna-da erbet diýip bolmaz. Çünki ol ýarym amaly hereketlere däl-de, döredijilige we üstesine-de romantiki duýgularyň ýüze çykmagyna gönükdirilendir. Ýakyn adamyňyz bilen konserte ýa-da sergä gitmek, bilelikde syýahat etmek size diýseň uly peýda we lezzet berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

 

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle