TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (16-22-noýabr)

2020-nji ýylyň 16-22-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdede bolup geçýän wakalar, geň bolsa-da, hamallara täze başlangyçlarynda belli bir derejede goldaw bolar. Bu bolsa öz gezeginde üstünlige getirer. Şunuň ýaly wakalaryň alamatlary eýýäm hepdäniň ilkinji günlerinde peýda bolar. Ýöne welin üstünlikleri-de, hemaýatkär­le­ri­ňi­ziň kim­di­gi­ni-de aýan et­mek­den sak­la­nyň. Umuman aýdanymyzda, bu hepde size üstünlik getirer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdäniň dowamynda ortasynda pul goýumlary, käbir başlangyçlar, baglaşylýan şertnamalar bilen bagly wajyp maglumatlardyr işleriň peýda bolmagy mümkin. Mundan hökman peýdalanyň. Esasy zat, özüňizi gyzyklandyrýan meseleleri dogry kesgitläp, hyzmatdaşyňyzdan aňrybaş anyk maglumat almaly, şonda siz bu meseleleriň hökman takyk çözgüdini taparsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepdäniň başy ýene-de söýgi hem dostluk gatnaşyklaryny ilkinji orunda goýar. Emma ýagdaýdan çykalga tapylar, çünki dörän kynçylyklar wagtlaýyndyr. Hepdäniň ahyrynda özüňizi gyzyklandyrýan teklip alarsyňyz. Ýöne ol hernäçe gyzykly bolsa-da, diňe özüňizde bar bolan serişdelerden peýdalanjak boluň. Bu hepdede şübhe döredýän işlerden gaça duruň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepde bar meýilleriňizi hakyky, amala aşyryp bolaýjak işlere gönükdiriň, kyn hem şübheli meseleleriň çözgüdini başga bir güne goýuň. Hepdäniň ahyrlarynda, işden soň özüňizi ýeterlik derejede işjeň duýsaňyz, onda zehiniňizi, ukyplaryňyzy ulanmak üçin ajaýyp mümkinçilik peýda bolar. Bir ýeri depip durmaňda, uzak wagtdan bäri arzuw edip ýören zatlaryňyzy amala aşyrjak boluň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepdäniň başynda ýyldyzlaryň ýerleşişi islendik gysga wagtlaýyn başlangyçlaryňyzyň şowly boljakdygyndan habar berýär. Bu ýagdaýdan hökman peýdalanmaly, çünki sizde çözgüdine garaşyp ýatan ençeme meseleler bar. Töweregiňizdäkileriň haýyşlaryny ret edip bilersiňiz, siz kynlyk bilen gazanan üstünligiňizi beýlekiler bilen paý­laş­ma­ga borç­ly däl. Kyn­çy­lyk­la­ry­ňyz­dyr üs­tün­lik­le­ri­ňiz di­ňe özüňize degişli.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepdede umuman alanyňda, şowly bolsa-da, howul-hara netije çykaryp, oýlanyşyksyz çözgütleri kabul etmäň. Iň gowusy, borçlary paýlaşmagyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, pikirdeşleriňiziň kömegini ikirjiňlenmän kabul etmekdir. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşygyňyzda we söýgi işlerinde haýsydyr bir düýpli kynçylyklar görnenok.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepdede eger şowlulyk sizden ýüz öwrendir öýdýän bolsaňyz, onda ýalňyşýaňyz. Geljek hepde siziň üçin juda ýakymly bolar. Ol ýa-da beýleki ýol bilen siz dogry hem oýlanyşykly çözgüde gelmek üçin ygtybarly maglumat alarsyňyz. Geljek hepdede haýsy işiň başyna barandygyňyza garamazdan, pursatdan peýdalanyp, öz bähbidiňizi arap bilersiňiz. Işleriňize yhlasly boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdede ak­rap­lar üçin bu hep­de oňyn gel­je­ge hem iş­dä­ki üs­tün­lik­le­re ta­rap täze hyjuw bilen başlanar. Üstesine, hepdäniň hernäçe şowly başlanandygyna garamazdan, onuň ortasynda üçünji bir tarapdan juda peýdaly teklibe hem garaşyp bilersiňiz. Eger siz şu täleýnamany okamadyk bolsaňyz, onda bu teklibiň peýda bolmagy siziň üçin düýbünden garaşylmadyk ýagdaý bolardy.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdäniň başynda nebsiňize kowalaşyp, güýç ulanjak ýa-da töweregiňizdäkilere başarnygyňyzy görkezjek bolmaň. Iň gowusy, bolup geçýän zatlara goşulyşmazlykdyr. Pursatdan peýdalanyň, alan maglumatlaryňyzy seljerip görüň, indiki etmeli işleriňiziň meýilnamasyny düzüň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda özüňiz üçin has bähbitli boljak ugry saýlap alyň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdede siziň üstünlikleriňiz nämeden ybarat bolar? Ol ilkinji nobatda, garşydaşlaryňyzy ynandyrmak, öz islegleriňizi olaryň boýnuna dakyp bilmek başarnygyňyzdan we gös-göni özüňiziň mamladygyňyzy subut edip bilşiňizden gözbaş alar. Elbetde, taýýarlyksyz hiç bir işiň başyna baryp bolmaz, emma goltgy alyp, göz öňünde tutan maksadyňyza ýetip bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu hepde eger kimdir biriniň size näme sebäpden öte gyzyklanma bildirýändigi hakdaky sorag şu wagta çenli sizi öz günüňize goýmadyk bolsa, onda hepdäniň başynda onuň jogabyny alarsyňyz. Ýöne bu jogap, edil siziň umyt edişiňiz ýaly bolmaz. Umuman, ýakyn wagtda syrly bolmagynda galan soraglaryň hemmesiniň jogaby aýdyň bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepdäniň dowamynda siz saýlap alan ugruňyzyň dogrudygyna göz ýetirip, guran toruňyza hut islän oljaňyzyň düşendigini görersiňiz. Emma bu şowlulygyň ýöne ýerden gelmän, onuň siziň akyl-paýhasyňyzyň netijesidigini ýatdan çykarmak bolmaz. Orta ýolda saklanyp, bolup geçýän zatlaryň şowly gutarmagyna garaşyp durmaň-da, hereket ediň. Ertirki üstünlik diňe siziň öz başarnygyňyza bagly.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

05-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Teswirle