TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Oktýabr

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş oktýabr aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, awgust amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Oktýabr aýynda size hyjuwly energiýa akymy geler. Bu aý içiňizi gysdyrmaly bolmarsyňyz. Baran ýeriňizde wagtyňyzy gowy sarp etmek üçin aýy mümkin boldugyça işjeň geçirmek maslahat berilýär. Öz pikiriňi subut etmeli boljakdygyňyza taýyn boluň. Belki, öz işiňize uly maýa goýmaly bolarsyňyz. Söýgi meselesinde duýgularyňyzy gözegçilikde saklasaňyz, gatnaşygyňyzy täze derejä çykaryp bilersiňiz. Bu aý islendik fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak amatlydyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Oktýabr işeňňir aý boljakdygyny wada berýär. Siziň zähmetsöýerligiňize öň hemmeleriň gözi gidýän bolsa-da, häzir özüňize biraz dynç bermeklik hem zerurdyr. Bir wagtyň dowamynda birnäçe işe ýapyşjak bolmaň. Iň gowusy bolsa, özüňize kömekçi tapynyň. Çünki bilelikde islendik meseläni çözmek has aňsat bolar. Özüňiz üçin has köp wagt aýyrmak peýdaly bolar. Mundan başga-da, aýyň ahyrynda romantiki duýgularyň ýa-da täze gatnaşyklaryň artmagyna garaşylýar, şonuň üçin özüňize serediň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu aý siz hemmelerden işjeň bolarsyňyz. Uzak wagtlap edilmeli zatlary ünsli meýilleşdiriň, çünki häzir hemme zat üçin wagtyňyz bolar. Esasy wezipe gaty hyjuwly bolmak we ownuk-uşak zatlardan ýadamazlykdyr. Emma her kim siz ýaly çalt hereket edip bilmez. Meýilnamalaryňyz barada az gürlemäge synanyşyň. Ýogsam göriplik edýänler tarapyndan ýaramazlyklar bolup biler. Güýjüňize üns beriň we işdäki üýtgeşmelere taýyn boluň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Oktýabr, ýaşaýyş jaý meselesini çözmek, ony abatlamak, ipotekany gaýtadan maliýeleşdirmek üçin ajaýyp aý bolar. Bu aý garyndaşlaryňyzyňkylara, ene-atalaryňyzyň ýanyna ýa-da beýleki maşgala agzalaryňyza barmak, görüşmek amatly. Her niçigem bolsa, ýakynlaryňyza jaň etmek hem size ajaýyp goldaw berer. Aýyň soňy bolsa döredijilik bilen meşgullanýanlar üçin uly ylham getirer. Täze romantiki başdangeçirmelere-de taýyn boluň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Aýyň başyndan başlap, ähli ugurlarda mümkin boldugyça işjeň boluň we älem bu babatda size hökman goldaw berer. Bu aý köp syýahat, göçüşlik, iş, okuw saparlaryna garaşylýar. Bularyň hemmesi size lezzet berer we täze, gyzykly adamlar bilen duşuşmagyňyza ýardam berer. Aýyň ahyrynda garyndaşlaryňyz bilen gaty dartgynly ýagdaý bolar. Gozgalmaýan emläk jedelleri ýüze çykyp biler. Asudalygyňyzy saklaň we göwünsiz hereket etmäň. Ipoteka karzy almagy meýilleşdirýän bolsaňyz, ilki güýjüňizi dogry ölçeriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Oktýabr aýynda girdejiňizi artdyrmak üçin köp mümkinçilik bolar. Iş ýerlerini üýtgetmek we goşmaça girdeji almak üçin teklipler bolup biler. Girdejiler bilen bir hatarda çykdajylar artyp biler. Esasy üns emlägiňize gönükdiriler we çaltlyk bilen öýi satmak ýa-da täze jaý satyn almak kararyna gelersiňiz. Siz gyssagly şertnama baglaşýan adam dälsiňiz, ýöne girdejini göz öňünde tutup, çykdajylary öňünden meýilleşdirmeli. Bu aý lukmanlaryň maslahaty boýunça bedeniň barlagyndan geçmek amatly. Saglygy goraýyş üçin wagt aýyrmak örän wajyp bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Oktýabr siziň aýyňyzdyr. Bu aý size güýç we jady berýär. Öz daşky görnüşiňize seretmek ýa-da söwda etmek we ýakymly bir zat bilen meşgullanmak üçin iň amatly döwür. Ýalňyz mizanlar öz taýyny tapyp bilerler. Energiýanyň we özüne çekijiligiň ýokarlanmagy sebäpli işde-de, beýleki meselelerde-de üstünlik bolar we aýyň ahyry hem gowy pul baýraklaryny wada berýär. Has ýokary aýlyk almak isleseňiz, başga, sizi has gyzyklandyrýan işlere ýüz tutuň we ýolbaşçylar size hökman üns bererler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin oktýabr aýynyň başy we ortasy gaty bir amatly döwür bolmaz. Size has köp dynç almak we energiýa tygşytlamak maslahat berilýär. Özüňizi gyzykly zatlar bilen güýmäň, peýdaly we lezzetli zatlar bilen meşgullanyň, kämilleşiň, täze zatlary öwreniň. Şu ýagdaýda siz özüňizi ýagtylyga çykýan ýaly duýarsyňyz. Içiňizde haýsy güýjüň gizlenendigini tapjak boluň, ony daşyna çykarmagy başaryň. Iň esasy hem, özüňize ynamly boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu aý sizi bir ýerde saklamak kyn bolar. Üstünlik siziň tarapyňyzda bolar. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, adam köp üstünlik gazansa, bu hökmany suratda görip adamlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Başga adamlara ýagdaýy düşündirmek üçin wagt sarp etmäň. Her kimiň öz ýoly bar. Energiýany fiziki işjeňlige ýa-da uly maksatlara ýetmäge gönükdirmek has gowudyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Oktýabr aýynda işdäki atmosfera aýratyn amatly bolar. Emma hünäriňizi üýtgetmek kararyna gelseňiz, älem hem size goldaw berer. Ýöne has çynlakaý meseleler, meselem, ýarym ýyllyk hasabatyň tassyklanmagy siziň peýdaňyza çözüler. Zähmet çekýän jediler işleri üçin gowy sylag alarlar. Dynç alyşa, bedeniňize we pikirleriňize rahatlyk bermäge synanyşyň. Siziň üçin saglyk meselesi iň möhüm bolup biler. Gatnaşyklar barada aýdylanda, durmuşa çykmadyk jübütler öz nikalaryny kanunlaşdyrmak kararyna gelip bilerler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Aý köp ugurlarda, esasanam syýahat, hereket, täze tanyşlyklar, aragatnaşyk, tejribe alyşmak, gepleşikler üçin amatly. Romantiki duşuşyklara we işewür hyzmatdaşlyga garaşylýar. Aýratyn üstünlik resminamalar bilen baglanyşykly meselelerde, şol sanda halkara gatnaşyklaryny çözmekde bolar. Daşary ýurt dilini öwrenmek isleseňiz, ýöne oňa ýeterlik wagt tapmaýan bolsaňyz, bu aý ony aňsatlyk bilen etmäge mümkinçilik taparsyňyz. Oktýabr aýynyň ahyrynda bolsa, täze karýera mümkinçilik berjek maslahatlar geler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu aý ipoteka karzyny ýa-da islendik karz serişdelerini aljak bolsaňyz, üstünlik kepillendiriler. Emma, garyndaşlaryňyz we dostlaryňyz köp garaşylmadyk meseleler bilen sizi güýmärler. Bu aýda ýoldaşyňyzyň gazanýan girdejisi artyp biler. Size bolsa, ajaýyp sowgat garaşýar. Aýyň ahyry romantiki duýgular we döredijilik üçin amatly bolar. Emma çenden aşa duýguçyllygyňyz sebäpli kösenip bilersiňiz. Ýyljak hammama giriň, ýeterlik uky alyň we döredijilikli boluň.

Ýene-de okaň

29-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle