TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Hemme zat hemme ýerde şol bir wagtda” filmi: 11 ugurdan “Oskar” baýragyna dalaşgär

Şu ýyl geçiriljek 95-nji “Oskar” baýraklaryna dalaşgärler 24-nji ýanwarda yglan edildi.

Akademiýanyň başlygy Janet Jangyň Samuel Goldwyn teatrynda eden çykyşyndan soň aktýorlar Riz Ahmed we Alison Williams 23 kategoriýada dalaşgärleriň atlaryny yglan etdiler. Garaşylýan dalaşgärleriň arasynda “Hemme zat hemme ýerde şol bir wagtda” filmi 11 ugur boýunça öňe saýlandy.

Mişel Ýeoh, Jeými Li Kurtis, Stefani Hsu we Ke Hýu Kuan filmde baş keşpleri janlandyrýarlar. Daniel Kwanyň we Daniel Şeýnertiň režissýorlyk eden bu film “iň gowy eşik”, “iň gowy özboluşly ses ýazgysy”, “iň gowy senariýa”, “iň gowy özboluşly aýdym”, “iň gowy redaktirleme”, “iň gowy surat”, “iň gowy režissýor” diýen ugurlarda “Oskara” dalaşgär görkezildi.

“Hemme zat hemme ýerde şol bir wagtda” filmi dünýäni halas etjek bolýan aýalyň hekaýasyny açyp görkezýär. Filmiň baş gahrymany Ewelin birnäçe ýyl ozal adamsy bilen Hytaýdan Amerika göçüp, täze durmuşa başlaýar. Maşgalasy we işi bilen adaty durmuşda ýaşaýan Ewelin, birdenem dünýäni halas etmek ýaly agyr işe duçar bolýar.

Käbir tomaşaçylaryň bu filme düşünmekleri başda biraz kyn bolup biler, emma çalt depgin bu filmiň özüne çekiji taraplarynyň biridigini aýdyp bileris.

Ýene-de okaň

Beýonsadan taryhy “Gremmi” üstünligi

Howa maglumaty: 6-12-nji fewral

Çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» ady berler

Teswirle