TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hemişelik Bitaraplyk elektrik energetikasy pudagynyň daýanjydyr

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni, her bir ýyly türkmen halky üçin ýatdan çykmajak, ykbal çözüji ajaýyp wakalara, tutumly işlere, beýik başlangyçlara beslenip, ýurdumyzy galkyndyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda, beýik işleriň durmuşa geçirilen, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, watansöýüjiligiň, ykdysady we ruhy galkynyşyň, zähmetsöýerligiň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň hem-de abadançylygyň ýyly boldy. Hormatly Prezidendimiziň saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, ýokary ahlakly, zähmetsöýer hünärmenleri taýýarlamakda, ruhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bitiren işleri sanardan köpdür we diýseň gymmatlydyr.

Türkmenistan elektroenergetika düzümleriniň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegleri hasaba almak bilen döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda “Energiýany tygşytlamagyň                  2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Şonuň ýaly-da, energetika pudagy babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwrebap we halkara taslamalar Türkmenistanyň energetika kuwwatynyň geljeginiň mümkinçiliklerini kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly: “Türkmenistanda energetika ulgamynda innowasion esasda durmuşa geçirilýän taslamalar içerki sarp edijileri bolşy ýaly, daşarky bazarlary hem üznüksiz hem-de durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu bolsa ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer, Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarar” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aýdanlaryndan ugur alyp, Türkmenistan döwletimiziň geljekde ykdysady binýadymyz bolan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de möçberlerini artdyrmagy maksat edinýändigini nazarlaýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty parahatsöýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlary goýmaga uly şertler döredilýär. Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegi baş maksat etmek, hususan-da, 3D modelirlemek usullaryny ulanmak bu pudagyň öňde durýan maksatlarynyň biri bolup durýar. Gaz geçirijilerinшň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin giň täze mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň elektrik energetikasyna ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň örän uly orny degişlidir. Energetika pudagy-jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän kuwwatly güýçdür. Nebit-gaz, energetika pudaklary-döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, köp girdeji getirýän pudaklara degişlidir. Göz öňünde tutulýan pudaklary döwrüň talabyna görä, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly esas berilýär.

Geljekde elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga uly mümkinçilikler dörediler. Ýagny, elektrik energiýasyny eksport etmek, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek ýaly möhüm ähmiýetli işler pudagymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzyň ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak üçin aşakda görkezilen işler ýerine ýetirildi:

– güýjenmesi 500 kW “Kerki” podstansiýasy gurlup, işe girizildi;

– güýjenmeleri 220 kW bolan “Watan” we “Farap” elektrik beketleriniň durky täzelenildi;

– Mary DES-niň güýjenmesi 500 kW açyk paýlaýjy gurluşyndan “Kerki” podstansiýasyna  çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijisi guruldy;

– “Kerki” podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijisi guruldy;

– Mary DES-inde güýjenmesi 500 kW bolan açyk paýlaýjy gurluşyň durky täzelenildi.

Ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we elektrik beketleriniň gurluşygy mundan beýläk hem dowam etdiriler, bu bolsa elektrik energiýasy iberilende ýitgileri azaltmaga mümkinçilik berer.

Bu bolsa Türkmenistanyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berer. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly durmuşy gurmakda doganlyk щwgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat elektrik geçirijileriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 2018-nji ýylyň tomsunda kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşaň-Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şonuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Şonuň çäklerinde, hünärmenlerimiz elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdylar.

Biziň bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda degişli Teswirnama gol çekildi. Teswirnamada 2018-2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek we şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak baradaky çözgüt beýan edildi. Bu resminama gol çekilmegi tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, bu resminama täze elektrik geçiriji ulgamy boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 MWt (jemi 600 MWt) elektrik energiýasy iberiler.

Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, netijede, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de önümçiligi innowasiýalaşdyrmak ýolunda diwersifikasiýalaşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan-bu ulgamda diňe sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde elektroenergiýany eksport edýän esasy döwletleriň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Pudakda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär, önümçilik we durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň mäkäm binýady döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar, elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, elektrik toguny paýlaýjy kömekçi stansiýalar gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meseleleri üns merkezinde saklap, energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategik ugur bolup durýandygyny yzygiderli belleýär. Elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny artdyrmak, döwletimizde alnyp barylýan energetika syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şanazar Allakulyýew,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 

institutynyň “Elektrik stansiýalary” kafedrasynyň mugallymy.

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle