TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Hemilton Şumaheriň rekordyna ýetdi

“Formula 1” ýaryşynyň nobatdaky Gran-Pri ýaryşy Türkiýe Respublikasynda geçirildi. 9 ýyldan soňra täzeden bu ýurtda geçirilen ýaryş Lýuis Hemilton üçin şowly boldy. “Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton Türkiýe Gran-Pri ýaryşynda ýeňiş gazanyp, dünýä belli “Formula 1” türgeni Mihael Şumaheriň rekordyny täzeledi.

Mihael Şumaher 7 gezek çempionlyk derejesine 2 toparda ýetdi. Ol “Benetton” toparynda 2 gezek hem-de “Ferrari” toparynda 5 gezek ýeňiji bolupdy.

2008-nji ýylda ilkinji gezek çempion bolan Hemilton şol ýyl “Maklaren” toparynyň düzüminde çykyş edýärdir. Soňra ola “Mersedes” toparyna geçip, bu topar bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda çempion bolmagy başarypdy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle