TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Hem kubogy gazandyrdy hem-de kubogy döwdi

Angliýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy gyzykly wakalara baý boldy. bu duşuşykda “Arsenal” bilen “Çelsi” toparlary duşuşdy.

Beýik Britaniýanyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşykda “Arsenal” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň gadymy kubogyny 14-nji gezek gazandy.

Bu duşuşykda “Çelsi” toparynyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýardy. Duşuşygyň 5-nji minutynda “Çelsi” topary Kristian Pulisiçiň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Oýnuň 28-nji minutynda “Arsenal” topary 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. “Arsenalyň” hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang toparyna 11 metrlik jerime urgusy gazandyrdy.

Duşuşygyň 67-nji minutynda Pýer-Emerik Obameýang toparynyň ýeňiş pökgüsini geçirip, 14-nji kubogyny gazanmagyna ýardam etdi.

Şeýlelikde “Arsenal” bu kubogy 14-nji gezek gazandy (1929/1930, 1935/1936, 1949/1950, 1970/1971, 1978/1979, 1992/1993, 1997/1998, 2001/2002, 2002/2003, 2004/2005, 2013/2014, 2014/2015, 2016/2017, 2019/2020).

Duşuşykdan soňra kubogy gowşurmak dabarasy hem köpleriň ünsüni çekdi. Toparyň bu kubogy gazanmagyna uly goşant goşan Obameýang kubogy göterjek bolanynda onuň aşaky bölegi döwüldi. Bu ýagdaýa onuň topar ýoldaşlarynyň arasynda haýran galanlar hem-de gülenler hem boldy.

Angliýanyň kubogy futbol boýunça iň gadymy ýaryşlaryň biridir. Ol 1871-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Teswirle