TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag iberdi. Şol hatynda Şmid Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny belledi. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size we türkmen halkyna gutlaglarymy ýollaýaryn.

Şu ýyl ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasynda berk we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Netijeli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

ÝHHG sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda wehimleriň yzygiderli dowam edýän döwründe ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikler ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýada hem-de ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyr. Geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we howpsuzlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek bilen, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Ýene-de okaň

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Teswirle