Soňky ýyllarda Türkmenistan köp ugurly logistika ulgamyny döretmek taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, hususan-da deňiz ulaglary pudagynyň infrastrukturasy giňeýär. 2018-nji ýylda işe girizilen şeýle uly desgalaryň biri hem Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portudyr.
Häzirki wagtda ol ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köpugurly uly halkara terminaldyr. Onuň kuwwaty Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ýollary boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Port kem-kemden Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda yklymyň iň uly ulag merkezine öwrülýär. Mundan başga-da, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen portuň tutuş ýylyň dowamynda gämileri kabul edip, gije-gündiziň dowamynda ýük ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrmaga mümkinçiligi bar. Port Merkezi Aziýany Ýewropa bilen deňiz, gara we demir ýollar arkaly birleşdirýär hem-de sebitdäki iň uly üstaşyr geçiriş merkezi bolup hyzmat edýär.
Türkmenbaşynyň deňiz duralgasyndan üstaşyr daşalýan ýüküň möçberi artýar. Gämi duralgalarynda dürli ýurtlardan gelýän gämileriň ýüki düşürilýär. Port ýükleri başga ulaglara ýüklemegi hem üpjün edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän we eksport edilýän türkmen harytlarynyň möçberi barha artýar.
Bu ýerde gurlan «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin täze mümkinçilikler açýar. Ol ýylda 12 müň tonna polaty gaýtadan işlemäge, gämileriň dördüsini gurmaga we 20 gämi abatlamaga niýetlenendir.
Portuň ýurduň ulag-logistika ulgamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny höweslendirendigini bellemek gerek, netijede soňky ýyllarda hususy kompaniýalaryň onlarçasy döredildi. Hususan-da,köp sanly ýerli kompaniýa port bilen hyzmatdaşlyk edýär, olar şeýle hem ýaşyl infrastrukturanyň ösmegine ýardam edýärler.
Hazaryň Halkara porty deňizde multimodal ulag ulgamynyň emele gelmegini häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda bu diňe bir deňiz ulaglary üçin däl, eýsem ulaglaryň beýleki görnüşleri üçinem uly mümkinçilikler döredýär.
Gurtgeldi Maşow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.