TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň baş prokurorlarynyň duşuşygy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Hazarýaka döwletleriniň baş prokurorlarynyň duşuşygy geçirildi.
Russiýanyň Baş prokuraturasynyň resmi internet saýtyndaky habara görä, Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnowyň çakylygy boýunça bu duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň baş prokurory Kamran Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň baş prokurory Gizat Nurdauletow, Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew gatnaşdy. Eýran Yslam Respublikasynyň baş prokurory Mohamed Jafar Montazeri bu duşuşyga onlaýn tertibinde gatnaşdy.

Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow Hazar deňziniň ähli bäş döwlet üçin ägirt uly strategiki ähmiýetine ünsi çekip, bu sebitdäki prokurorlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we täsin ekosistema oňyn täsir etjek daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki işleriň möhümdigini aýtdy.

Çäräniň netijesinde Hazar sebitiniň baş prokurorlarynyň daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan peýdalanmak babatynda hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamasyna gol çekildi.

“Bu duşuşyk we resminama gol çekilmegi Hazar deňzi ugrunda bäş taraply formatda mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas döreder. Baý we öndürijilikli boljakdygyna ynanýaryn “-diýip, Russiýanyň baş prokurory belledi.

Gol çekilen Jarnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin 2022-nji ýylyň başynda bilermenler derejesinde ýygnak geçirmek teklip edildi. bu teklip duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

8-nji iýuldaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle