DÜNÝÄ

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýändigini bellediler. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mejlise gatnaşyjylar  ykdysadyýet, howpsuzlyk, ulag we halkara çärelerini guramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekologiýa diplomatiýasyndan ugur almak bilen daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň kenarýaka döwletleri bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirjekdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Dewid Kameron palow tagamyna haýran galdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gruziýada saparda bolýarlar

Abu-Dabide Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Ertir Parižde Türkmenistanyň göçme energetika forumy öz işine başlar

Özbegistan bilen Beýik Britaniýa täze resminamalara gol çekişdi

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi