TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Hazar deňziniň düýbünden internet ulgamy çekiler

Gazagystan bilen Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň düýbünden internet ulgamy arkaly birleşmegi meýilleşdirýär. “AzerTelecom” bilen “Kazahtelekom 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň düýbi bilen “Azerbaýjan-Gazagystan” ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi göz öňünde tutýar.

Bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda sanly telekommunikasion geçelgesini döretmek maksady bilen “Sanly Ýüpek ýoly” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Aktau şäherinden Azerbaýjanyň Siazan şäherine çenli 340 kilometrden gowrak uzynlygynda aragatnaşyk liniýays çekiler.

Ätiýaçdaky aragatnaşyk kanaly bolsa 330 kilometr aralyga çekilip, ol hem Gazagystanyň Kuryk portundan Bakunyň 30 kilometr golaýyndaky Buzowna şäherçesine çenli baryp ýeter.

“AzerTelecom” Azerbaýjanda öňdebaryjy telekommunikasiýa operatory bolup, ýurduň halkara telekommunikasiýa ulgamlaryna birikmegini üpjün edýär.

Gazagystan, giň zolakly internete, interaktiw teleýaýlym, öýjükli aragatnaşyk, ýerli we uzak aralyk telefon aragatnaşygy we bulut hyzmatlaryny üpjün edýän Gazagystanyň iň uly telekommunikasiýa kompaniýasydyr.

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle