TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

“Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi işjeňleşdirilýär

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly rumyn tarapy bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri,  “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Türkmen logistika Assosiasiýasynyň”, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Rumyn tarapyndan bu onlaýn-duşuşyga Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ulag, infrastruktura we gurluşyk ministrliginiň wekilleri, şeýle-de rumyn döwlet kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesiniň ikitaraplaýyn mümkinçiliklerini maksimal derejede ulanmak boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ýük daşama, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri pudagynyň meselelerine we beýleki meselelere ünsi çekdiler.

Şeýle-de portlaryň we hususy sektoryň logistika hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýoly bilen bu geçelgede konteýner daşamalary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Konstansa şaheriniň portunyň ýük terminalyny kärendä almak we ulanmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Teswirle