TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

Iň kiçi primatlar igrunka we lemur

Primatlaryň içinde iň kiçi görnüş hasaplanýan igrunlar Günorta Amerikada ýaşaýarlar. Olaryň iň ulusynyň agramy 150 grama çenli, bedeniniň uzynlygy 10-15 santimetre çenli ýetýär. Jandarlaryň guýrugy bedenine görä uzyn bolup, 20-22 santimetr bolýar. Olaryň göwresi galyň we gür tüý örtügi bilen örtülen. Madakaskar adalarynda bolsa lemurlara duş gelmek bolýar. Olaryň boýunyň uzynlygy bary ýogy 20 santimetre ýetýär, agramy bolsa 300 gramdan geçmeýär. Lemurlar köplenç özüniň ýaşaýyş işjeňligini günüň garaňky döwründe alyp barýarlar.

Iň kiçi guş – Kalibri

Iň kiçi guş bolan Kalibri guşuna esasan Kuba döwletinde duş gelmek mümkin. Olaryň agramy 2 gramdan, bedeniniň uzynlygy bolsa 6 santimetreden geçmeýär. Kalibri orta ululykdaky tomzakdan 20 esse kiçi bolýar. Şol sebäpli olary adaty arylardan tapawutlandyrmak kyn bolýar. Ýene-de bir täsin maglumatlaryň biri bu guşlaryň çykarýan sesi adaty mör-möjekleriň çykarýan sesine meňzeş bolýar. Kalibri guşlaryň ýumutgasynyň uzynlygy bary-ýogy 6-11 millimetre çenli ýetýär.

 

Iň kiçi balyk – Stout Infantfish

Awstraliýanyň ihtiologlary (balyklary öwrenijiler) 2004-nji ýylda Stout Infantfish atly täze iň owanuk balygyň tapylandagy baradaky habary halk köpçüligine ýetirýärler. Bu ownuk balygyň uzynlygy bary ýogy 7-8 millimetre ýetýär.

 

Iň kiçi deňiz aty -Hippocampus Denise

Häzirki wagtda deňiz atjagazlarynyň 32 sany görnüşi mälim. Olaryň iň kiçi görnüşi Hippocampus Denise bolup, ululygy 16 millimetrden geçmeýär. Bu ajaýyp deňiz jandarynyň barlygy 2003-nji ýylda anyklanyldy. Olar suwuň has çuň gatlaklarynda ýaşap, özüniň reňkini ýylyň dürli pasyllaryna göra üýtgetmäge ukyply.

 

Orazhan KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Green Card (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar?

 

 

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle