TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Haýwanat dünýäsinden geň maglumatlar

Albatroslaryň uçmagy üçin ganatlaryny şemala garşy dolulygyna açyp, howada saklanmagy ýeterlikdir. Olar şeýle görnüşde ganat kakmazdan, juda nuzak wagtlap uçup bilýärler.

  • Gülli meýdanyň üstünden baran bal arysy haýal etmän öz öýjügine dolanýar. Onuň yzyna dolanmagy gülli meýdanyň bardygyny maşgalasyna habar bermek üçindir.
  • Pişigiň murtunyň gyljagazlary onuň üçin örän möhümdir. Beýleki duýgy organlary ony ýeterlik derejede habarlar bilen üpjün etmedik halatynda ol murtyna bil baglamaly bolýar. Ol murtynyň kömegi bilen daş-töwerekdäki bolýan zatlary duýýar hem-deaw gözlegine çykýar.
  • Arwana tohumly düýeler ortaça 20-25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüňiçinde 8-10 köşek berip bilýärler.
  • Itiň iň sýrek görnüşi çinuhdyr. Onuň tohumy Amerikada ulag hökmünde ýetişdirilipdir. Dünýäde olaryň sany bary-ýogy 70 töweregidir.
  • Ene zebra çagasyny sesinden tanap bilýär.
  • Garagum çölünde guşlaryň 220-den gowrak görnüşine duşmak bolýar.
    • Olaryň diňe 60 görnüşi bizde höwürtgeleýär, galany uçup geçýän guşlardyr.
  • Pandalar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edýärler.
  • Iň awyly ýylan suw kepjebaşydyr. Ýuwaş ummanynyň Awstraliýa golaý basseýninde duş gelýän bu ýylanlaryň awusy beýleki ýylan laryňkydan 100 esse güýçlüdir.
  • Içýan howply jandardyr. Ol özüni goramak we awuny awlamak üçin töweregindäkileri çakýar. Guýrugyndaky iňňesiniňkömegi bilen zäherini garşysyndaky jandara geçirýär. Bu jandaryň hemme görnüşleriniň zäheri täsirli bolmaýar. Çöllerde ýa-da has yssy ýerlerde ýaşaýanlaryň zäheri örän güýçlüdir.
  • Krokodilleriň gözleriniň örtügi iki gatdan durýar. Bularyň birisi ugurdaş, beýlekisi bolsa dikligine hereket edýär.
  • Keýigiň şahynyň şahalarynyň sany tötänlikden däldir. Şahynyň näçe şahasy bar bolsa, onuň şonça-da ýaşy bardyr. Ýaşyna ýetmedik keýiklerde şah bolmaýar.
  • Jandarlaryň arasynda iň doýmaz-dolmazy Demirgazyk Amerikada duş gelýän liçinkanyň bir görnüşidir. Ol dünýä gelenden soň ilkinji 48 sagatda öz agramyndan 86 müň esse agyr zat iýýär.
  • Piller köplenç topar-topar bolup gezýärler. Eger-de içinde biri ýalňyş iş edäýse, onda olar ol pili öz aralaryndan kowup, oňa ýeke gezmek jezasyny berýärler. Bu bolsa pillerüçin iň uly jezadyr.
  • Gunduzlar suwdan çykanlaryndan soň daranýarlar. Şonda olar darak hökmünde yzky aýaklaryny ulanýarlar.
  • Kepjebaşyň boýy 5,58 metre ýetýänleri hem bar.
  • Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňkini owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.
  • Balarysy 48 dereje gyzgynlykda ýaşap bilmeýär.
  • Limuryň (maýmynpisntli haýwan) uzyn barmaklary bar. Ol şol barmaklary bilen agajyň gabygyny tarkyldayp, gurçuklaryň we tomzaklaryň nirededigini anyklaýar.
  • Ýekeje siňek 24 sagadyň dowamynda müňlerçe esse köpelýär.
  • Garynjalar tarapyndan goralýan baglar beýlekilere garanyňda ep-esli ýogyn bolýar. Şeýle-de olar baglary dürli hili mör-möjeklerden we kesellerden goraýanlygy üçin şol baglar beýlekilere görä 75 göterim suwuklyk az ýitirýär.
  • Krokodilleriň deri dokumalary ýokdur. Şol sebäpli hem bu suw jandarlary derläp bilmeýärler.
  • Ençeme asyr ýaşap geçen krokodiller diňe ösümlikler bilen iýmitlenipdir hem-de hin gazynmaga ukyply bolupdyrlar.
  • Delfin çagasyny dünýä inen badyna üýşüp, ony ýyrtyjy balyklardan goraýarlar.
  • Şagal sagatda 55 kilometr tizlikde ylgaýar.
  • Şimpanzeleriň iň gowy görýän iýmiti garynjadyr.

Aşyrow Yhlasguly

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Nobel hepdeligi: himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle