TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Haýwanat dünýäsi barada…

  • Kitler Ýeriň magnit meýdanyny duýup, haýsy tarapa gitjekdigini bilýärler. Giň ummanlarda ýylyň dowamynda müňlerçe kilometr ýol geçýän bu jandarlaryň ys alyş ukyby hem örän ýokarydyr. Olar 500 metr uzakdaky ysy alýarlar.
  • Akulalaryň birnäçe görnüşi bolup, olaryň iň kiçi görnüşiniň ululygy 17 santimetr çemesi bolýar. Iri akulalaryň boýy 15 metre, agramy 36 tonna ýetýär. Bu jandarlar Atlantik ummanynda Kolumbiýanyň we Wenesuelanyň kenarlarynda ýaşaýarlar.
  • Krokodilleriň derisi köwüş, kemer we beýleki önümleri ýasamak üçin peýdalanylýar. Munuň üçin ýörite krokodil ösdürip ýetişdirýän fermalar hem bar. Häzire çenli iň uly krokodil 2011-nji ýylda Filippinlerde tutulypdyr. Krokodiliň şor suwda ýaşaýan bu görnüşi häzire çenli tutulan iň uly krokodil hem-de süýreniji hasaplanýar. Onuň uzynlygy 6 metr 17 santimetre barabar eken.
  • Dünýäniň ösümlik we haýwanat dünýäsine iň baý ýerleriň biri hasaplanýan Keniýadaky Masai-Mara goraghanasynda menekli zebra dünýä inipdir.
  • Balarylar diňe gonan güllerini däl, eýsem, adamlaryň ýüz keşbini hem ýadynda saklaýarlar.
  • Geçigaplaňyň çagasy kiçi wagty onuň derisiniň nagşy ýaşaýan ýeriniň otlaryna meňzeýär. Şol sebäpli ony beýleki haýwanlar uzakdan görüp bilmeýär. Ulaldygysaýyn onuň reňki üýtgeýär. Iki ýaşyndan soňra bolsa, tüýi täzelenýär.
  • Keýikler köplenç bir-birlerini tanamak üçin ysgaşýarlar. Olaryň derisiniň reňki dünýä inen wagtlary tokaýyň ýa-da ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň reňkine meňzeýär.
  • Dünýäde balykgulaklaryň 60 müňden gowrak görnüşi bolup, olar ululygy, daşky şekili, iýmitlenişi we ýaşaýan ýeri babatda bir-birinden tapawutlanýarlar.

Röwşen Bäşimow, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ

kinologiýa taýýarlyk ugrynyñ 1-nji ýyl talyby.

 

Enäni aýaň!

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle