TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Haýsy ýurt sanly walýuta geçýär…

Täze döwrüň söwda gurallaryndan biri bolan sanly walýutalar häzirki wagtda köp ýurtlarda ulanylyp başlandy. Hytaý döwleti sanly walýutasyny synag hökmünde şäherlerde hödürledi.

Bir ýylda näçe milliondan gowrak sanly pul amala aşyryldy?

“South China Morning Post” gazetinde çap edilen habara görä, Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýa bileleşiginiň “SIBOS” konferensiýasynda eden çykyşynda, sanly walýutada 1,1 milliard ýuana pul mukdary (162 million dollar) 3 million 130 müň dollar puluň geçirilendigi aýdylýar.

Näçinji ýyla çenli we haýsy şäherlerde synag edilmeli?

Täze sanly walýutanyň “Şiongan” we “Çynjin” ýaly iri şäherlerde synaglaryň geçirilýändigini we 2022-nji ýylda Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynda synag meýilnamasyny bu çärede meýilleşdirilýär diýip, Fan belläp geçýär. Sanly walýutanyň synag programmalarynda 113,300 şahsy we 8,800 korporatiw sanly hasap eýeleri tarapyndan ulanylýandygyny mälim eden Fan “Merkezi bank sanly ýuany pul birligini geljegiň möhüm maliýe infrastrukturasy hökmünde görýäris”–diýip, nygtady.

Hytaý banky ozal ýurtda garaşsyz sanly walýuta söwdasyny gadagan edipdi. Hytaý global ykjam töleg ulgamy dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam edýär. “Ali Baba” toparyna degişli “Alipay” we “Tencent Holding”-na eýeçiligindäki “WeChat Pay” ýurtda giňden ulanylýar. Merkezi bank tarapyndan işlenip düzülen täze sanly walýutanyň häzirki wagtda onlaýn we ykjam tölegler üçin ösýän infrastrukturanyň ösmegine goşant goşmagyna garaşylýar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Teswirle