TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Haýsy iýmitler beýniniň işjeňligini güýçlendirýär?!

Islendik ýaşdaky adamlarda bolşy ýaly, ýaşlaryň durmuşy hem başagaýlyklardan, gyzykly başdan geçirmelerden, okuw hem-de durmuş bilen bagly aladalardan doly. Bu döwürde beýnimizde ägirt uly stres bolýar: ýatda saklamak, pikirlenmek, döredijilik bilen meşgullanmak we ş.m. Şeýle ýagdaýlarda sagdyn iýmitleniş ýörelgesini berjaý etmek arkaly beýnimiziň işjeňligini gowulandyryp, biz öz-özümize ýardam edip bileris. Sagdyn iýmitlenmek üçin bilermenler tarapyndan teklip edilýän şu aşakdaky iýmitler beýnimiziň işjeňligini ýokarlandyrmak bilen birlikde aň-bilim işini hem gowulandyrýar:

Peýnir

Tebigy süýtden taýýarlanan peýniriň hili we tagamy örän tagamly bolup, ol triptofan aminokislotasynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Bu aminokislota bedende serotoniniň (“şadyýanlygyň gormony”) öndürilmegine itergi berýär. Triptofanyň ýetmezçiligi beýniniň gan damarlarynyň daralmagyna sebäp bolýar, kellagyry peýda bolýar.

Bugdaý çöregi

Gündelik okuwda berilýän ýumuşlary talabalaýyk ýerine ýetirmek, ünsi jemlemek üçin energiýa üpjünçiligi zerur bolup, onuň üçin bedeniň glýukoza harçlaýar. Bedeniň glýukoza bilen üpjünçilik derejesi bolsa bugdaý çöregi arkaly gazanylyp bilner. Bugdaý önümlerinden taýýarlanan iýmitlerini günüň dowamynda peýdalanmak ýaramly täsir edýär.

 Hozlar

Beýniniň işjeňligini goldaýan ýokumly maddalaryň gymmatly çeşmeleriniň biri-de hozlardyr. Hoz özünde peýdaly omega-3 ýag kislotalaryny jemleýär. Ol ýag kislotalary bolsa ýatkeşligi, ünsliligi güýçlendirýär, goraýjylyk işini gowulandyrýar.

Guradylan miweler

Kişmiş, guradylan erik, alma, armyt ýaly kakadylan miweler özünde glýukozany köp saklamak bilen ýadyň  gowulaşmagyna täsir edýär. Şeýle-de guradylan miwedir ir-iýmişler beýleki emeli usulda taýýarlanylýan süýji-kökelerden tapawutlylykda sagdyn iýmitlenmegiň düzümine girýär. Olarda witaminleriň birnäçesi, kalsiý, fosfor, demir, magniý ýaly peýdaly minerallar saklanýar.

Süýt önümleri

Süýt hem-de süýt önümleri beýni dokumasynyň ösmegi, zerur bolan fermentleriň, süýt belogynyň emele gelmegi üçin möhümdir. Şeýle hem süýt önümleri uglewodlara baý bolany üçin gymmatly energiýa çeşmesidir. Geçirilen gözlegler nerw we myşsa ulgamyna peýdaly täsir edýän witaminleriň süýt önümlerinde köp saklanýandygyny görkezdi.

Ýumurtga

 Towuk hem-de bedene ýumurtgasy holiniň esasy çeşmesidir. Holin maddasynyň gatnaşmagynda impulslar öýjük membranasynyň üsti bilen geçýär, lipid alyş-çalşygy kadalaşýar, bu bolsa beýni üçin möhümdir. Holin ýaşlaryň gündelik iýmitinde hökman bolmaly, çünki ol aň-bilim funksiýalaryny, ýatkeşligi gowulandyrýar, beýniniň toksinlere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Gawun tohumlary

Beýleki miweleriň, bakja ekinleriniň tohumlary bilen deňeşdirilende gawunyň tohumynda sink örän köp saklanýar. Sink gymmatly mineral bolup, ýadyň, pikirleniş prosesini gowulandyrmakda örän ähmiýetlidir.

Arassa suw

Beýnimiziň 85% töweregi suw bolup, ol akyl funksiýalaryna täsir edýär. Ýaşlaryň günüň dowamynda otag temperaturasynyň derejesindäki arassa suwy köp içmekligi möhümdir. Şeýle-de bedende bolup ähli täsirleşmelerde uniwersal erediji bolup hyzmat edýär.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

30-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy ýokarydyr

Dialog — parahatçylygyň kepili

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Teswirle