JEMGYÝET

Haýyşnama

Eýmenen ykbalam eý görsün seni,
Maňa bagtyň suratyny ýekip ber.
Bir pursat içinde özgereden seni,
Maňa yşkyň suratyny çekip ber.

Ynamyň ýitse-de gözlerme ynan,
Gabanjaňlygyňdan ýitmesin ynam,
Ýygyrtlansyn kagyz, ýitresin galam,
Maňa söýgüň suratyny ýekip ber.

Degişmeleň meni saplasyn gamdan,
Kirpigimden gaçyp, gözlerme daňlan,
Üýtgeşik duýgyny duýaýyn ondan,
Maňa kalbyň suratyny çekip ber.

Lakamyň bar eken “Zähmetkeş” diýen,
Belli-dä, obanyň çöregin iýen,
Başynda jygaly, ak sowut geýen,
Maňa bagtyň suratyny çekip ber.

Gaýta-gaýta gulak etiň iýsem-de,
Meň sözlerme gahar donun geýseň-de,
“Kakamyrat” däldigiňi bilsem-de,
Haýyr, iň bolamda goşgy okap ber!

Öz suratyň çekip bilmeýän bolsaň
Gel, ezizim maňa goşgy okap ber

Oguljan Pirjikowa

 

Ýene-de okaň

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ylalaşyklara gol çekdiler

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa saparyna başlady

“Galkanyň” hokkeýçileri «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ada eýe boldular

“Galkan” – çempion

Ata Watan Eserleri