No menu items!
5.8 C
İstanbul
19/02/2020 8:20
No menu items!
Ana Sayfa HAYAT Siz nähili gülýärsiňiz?

Siz nähili gülýärsiňiz?

Adamyň nähili gülýändigini synlap hem ol barada pikir öwrüp ýa-da şol gülkiniň eýesi özi barada käbir zatlary bilip bilýär. Geliň, has takyk maglumatlara ýüzleneliň!

1. Güleniňizde eliňiz bilen agzyňyzy ýapýarsyňyzmy? Şeýle bolsa, öz güýjüňize doly ynamyňyz ýokdur. Köpçülikden çeträkde bolmagy halaýansyňyz. Bizden maslahat: tankytdan we içki gaýgydan goranjak boluň!

2. Güleniňizde kelläňizi arkan galdyrýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, size ynanjaň adam diýip bolar. Häsiýetiňiz hem juda sahydyr. Käte bolsa başgalaryň göwni üçin öz ukyplaryňyza laýyk gelmeýän iş bilen meşgullanýarsyňyz. Size akylyňyza köpräk geňeşmek maslahat berilýär.

3. Güleniňizde eliňizi ýüzüňize ýa-da kelläňize degirýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, siz hyýalkeş adamsyňyz. Bu, elbetde, ýaman häsiýet däl. Başa barmajak işleri hem hyýal güýjüniň kömegi bilen amala aşyryp bilersiňiz. Ýöne käte durmuşa bolşy ýaly seredip, hakykatdan hem bir gün öňüňizden çykyp biljek ýagdaýlar bilen meşgullanyň!

4. Güleniňizde burnuňyzy ýygyrýarsyňyzmy? Şeýle bolsa, bu siziň pikirleriňiziň we garaýyşlaryňyzyň ýygy-ýygydan üýtgäp durýandygyny görkezýär. Üstesine-de siz aşa duýguçyl we ynjyk bolup bilersiňiz. Häsiýetiňiziň we bolşuňyzyň tiz üýtgemegi töwerekdäkilerde hem siz barada ýaramaz täsir döredip biler.

5. Agzyňyzy açyp, gaty ses bilen gülýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, siz durmuşda işjeň we gyzykly adamsyňyz. Ýöne käbir ýerde özüňize erk etmek, oýlanyp gürlemek hem maslahat berilýär.

6. Ýuwaşlyk bilen, kelläňizi hem aşak egip gülýärsiňizmi? Şeýle bolsa, sizden wyždanly, sizden mähriban adamy tapaýmak kyn. Siz kynçylykly pursatlardan baş alyp çykmaga hem ökde. Siziň duýgularyňyz we işleriňiz hemişe öz gözegçiligiňizdedir.

7. Güleniňizde diliňizi dişleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, näçe ýaşan hem bolsaňyz, siz häzir hem ýaşlykdaky duýgularyňyz bilen ýaşaýansyňyz. Şol sebäpli hem käbir işlere oýlanyşyksyz çemeleşmegiňiz hem mümkin.

8. Güleniňizde gözleriňizi ýumýarsyňyzmy? Eger bu sowala «Hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, sizde hem özüňize bolan ynam heniz pesräk. Käbir işde bolsa belli bir karara gelip bilmän, akylyňyza köpräk geňeşeniňizi kem göreňizok. Ýöne özüňizden we töwerekdäkilerden talap edijiligi biraz güýçlendirmeli.

9. Siziň gülişiňiz üýtgäp durýarmy? Şeýle bolsa, siz pikire daýanyp iş etmegi gowy görýän adamsyňyz. Bu gowy zat, ýöne hemmeleriň siz bilen pikirdeş bolup biljekdigi gümana.

SON HABERLER

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni "adam" diýen mukaddes ada mynasyp bolmak. Oýlanyp göreliñ... Ahlak...

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär. Belki-de,...

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Hemmeleriň bilýän, emma üns bermeýän hakykaty hakynda Hemmeleriň üstünlik gazanasy gelýär. Eýsem, üstünlik bu näme? Düşündirişli sözlüklere göz aýlasak, üstünlik – birinden üstün bolmak ýa-da ...

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?