JEMGYÝET

Hawi, Erik ten Hag we Pioli tälimçilikden boşadylýar

Ispaniýanyň “Barselona”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” hem-de Italiýanyň “Milan” toparlary möwsümiň tamamlanmagy bilen özüniň baş tälimçilerini wezipesinden boşadýar.

Ispan topary baş tälimçisi Hawiniň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Toparyň ýolbaşçysy Žuan Laporta Hawiniň 2024-2025-nji möwsümde toparyň tälimçisi bolmajakdygyny mälim etdi.

Hawi 2021-nji ýylda “Barselona” toparyna tälimçi boldy we onuň döwründe “Barselona” topary bir gezek çempion boldy hem-de Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Ispan topary tälimçi hökmünde german hünärmen, ozal “Bawariýa” ýaly güýçli topara tälim beren Hans Flik bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşmagy maksat edinýär.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary hem özüniň niderlandly tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşadýar. Sebäbi toparyň üstümizdäki möwsümde görkezen netijesi toparyň ýolbaşçylaryny kanagatlandyrmady.

Şu gün “Mançester Ýunaýted” topary Angliýanyň kubogynyň almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Mançester Siti” topary bilen duşuşar. Topar kubogy gazanan halatynda hem tälimçiniň wezipesinden boşadyljakdygy aýdyldy. Onuň ýerine Kiran Makkeýni tälimçi hökmünde wezipä bellemek göz öňünde tutulýar.

Erik ten Hagyň tälimçiliginde şu möwsümde topar Angliýanyň çempionatynda 8-nji orny eýeledi we şeýle pes netijäni mundan ozal topar 1990-njy ýylda görkezipdi.

Italiýanyň “Milan” topary hem möwsümiň tamamlanmagy bilen tälimçisi Stefano Piolini wezipesinden boşadýar. 58 ýaşyndkay hünärmen 2019-njy ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýär.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri