TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Haweran düzündäki mukaddeslik

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär. Bu barada «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär. 

Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Mäne Babanyň çowlugy Muhammet Minewweriň öz garry atasy hakynda ýazan «Asrar at tohid fi makamat aş şeýh Abusagyt Abulhaýyr» atly kitaby (XII asyryň ahyry), aslynda, beýik akyldaryň, aryf şahyryň ömür beýanydyr. Şeýle-de bolsa bu ýazuw ýadygärliginde ruhy-medeni, edebi-taryhy, geografik, toponomiki maglumatlar bilen bir hatarda, Abu Aly ibn Sina, Abul Hasan Harakani, Baba Lukman, Abu Aly Dakkak-Şyh Alaw, Abul Fazyl as Sarahsy — Sarahs Baba ýaly meşhur şahsyýetler hakyndaky gyzykly maglumatlar hem öz beýanyny tapýar. Elbetde, bu kitap bilen Mäne Baba kümmetiniň özara baglanyşygyny ylmy-derňew, deňeşdirme esasynda öwrenmek örän ähmiýetli, şol bir wagtyň özünde-de gyzykly iş bolmagynda galýar. Eýsem, bu taryhy ýazuw çeşmesiniň ajaýyp binagärlik ýadygärligi bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary nämelerden ybarat bolup durýar?! Ilkinji nobatda, kitapda Abusagyt Abulhaýryň öz dogduk mekanynda — deşti Hawerandaky Mähne şäherinde hijri-kamary senesi bilen 357-nji (milady senesi bilen 968-nji) ýylda doglandygy, onuň 440-njy ýylda (miladydan 1049-njy) dünýäden ötendigi we şol ýerde jaýlanandygy mälim edilýär. Soňra kitapda aryfyň ömrüniň soňky günleri we onuň guburüsti daşy hakynda maglumat berilýär.

2008-nji ýylyň güýzünde bu ýatlanylýan daşyň şu kümmetiň golaýyndan tapylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bu gymmatly binagärlik ýadygärligi ylmy esasda öwrenmek we aýawly saklamak işini üns merkezinde saklaýar. Bu wajyp iş indi birnäçe ýyl bäri «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýörite taýýarlanan meýilnamalar esasynda tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Meýilnama boýunça 2005-nji ýylda Mäne Baba kümmetinde geçirilen arhitektura — arassalaýyş we berkidiş işleri ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilen düzgünlere görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede amala aşyryldy. Kümmetiň daşky we içki diwarlarynyň ýumrulan ýerleri asyl nusga kybapdaş ýagdaýda abatlanyldy. Şol işleriň dowamynda kümmetiň içinden 30 santimetr çuňlukdan diwaryň ýüzüniň syrçaly örtüginiň käbir galyndylary tapyldy. Bu syrçaly guşak abat mahaly örän täsin hem täsirli ýagdaýda bolandyr diýip çaklamak mümkin, sebäbi altynsow — goňur reňkli syrça düzümi geometrik nagyş şekilinde diwaryň ýüzüne ýerleşdirilipdir. Şol syrça düzüminiň ýüzüne arap ýazuwynda hatlar ýazylypdyr. Şu ýazgylaryň käbirleriniň Abusagyt Abulhaýyr barada maglumat berýändigi has hem gyzyklydyr. Bu ýagdaý binagärligiň taryhynda seýrek duş gelýän hadysa bolmak bilen, ymarat bilen orta asyr ýazuw ýadygärliginiň azda-kände özara baglanyşygyny ýüze çykarýar.

Elbetde, syrça bezegleriniň gurnalan wagty bilen Muhammet Minewweriň kitabynyň ýazylan döwri başga-başga zamanlardyr. Şeýle-de bolsa, bu ýerde sungatdaky we edebiýatdaky pikir ýörediş edähetleriniň asyrlarboýy dowam edýän özara baglanyşygy orta çykýar. Sebäbi syrçanyň ýüzündäki ýazgylaryň mazmun we çeper beýan ediliş äheňiniň «Asrar at tohid fi makamat aş şeýh Abusagyt Abulhaýyr» atly kitabyndaka meňzeş gelmegi aýdylýan pikiriň hakykatdan daşda däldiginiň subutnamasydyr. Diýmek, Muhammet Minewwer XII asyrda Mäne Baba hakynda ýatlama eserini ýazan bolsa, binagär ussalar, hatdatlar XIII asyryň ahyrlarynda ol belent mertebeli ynsan hakynda şol kitapdan parçalary — ýatlamalary syrçaly bezeglere ýazyp ýadygär galdyrmagy maksat edinipdirler.

Şeýlelikde, kümmetdäki mälim bolan maddy maglumatlar, artefaktlar orta asyr ýazuw çeşmesiniň bize ýetirýän käbir habarlarynyň ygtybarlydygyny ykrar edýär.

Şu günki günler taryhy binagärlik ýadygärligini aýawly saklamak ylmy-öwreniş işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

 

Täze we döwrebap lukmançylyk dikuçary satyn alyndy

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle