TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Hawa, meniň adym Doýduk.

Özümi bilenim bäri,

-Dogrudanam seniň adyň Doýdukmy?

– Sen biriniň näçenji gyzy?

-Şu döwürde çagasyna Doýduk diýip dakýan barmy?-diýen soraglar meni yzarlap gelýär. Belki-de maşgalada ilkinji perzende “Doýduk” diýip dakylmagy geňräk görünýändirem. Ýöne meniň adymyň aňyrsynda nijeme ýyllaryň pynhan galan söýgüsiniň wepaly taryhy bar eken. Geçirilýän bu bäsleşige şu bolan söýgi wakasyny  mynasyp gördüm.

Oba adamlary: “Nurmyrady eli çeper, halyçy gyz Doýduga öýersek, 5 doganyň girip-çykýan bu öýi töre meňzär,ol Nurmyradyň öýüni ojaga öwrer”diýen karara geldiler. Dogrudanam, şeýle boldy.

Nurmyrat öýüň iň ulusydy, ol oba mekdebinde mugallymçylyk edip, jigilerini eklärdi.  17 ýaşly, uzyn boýly, gara gözelek, görmegeý gyza keşdelenen kürtesi owadan gelişýärdi. Şu wagta çenli ýetimlikden, ýekelikden kösenen Doýduk  Nurmyrady hem-de onuň doganlaryny öz maşgalasy diýip kabul etdi. Ýeňňeleriniň  tagamly naharlary, mele-myssyk çörekleri ýigitleriň ir ýogalan ejelerini ýatladýardy.  Her gezek adamsynyň at dükürdisiniň sesine dokap oturan halysyndan düşüp, misli täze dogan aý kimin ýylgyryp çykardy. Oba adamlary hem bu dörän täze maşgala uly buýsanç bilen seredýärdiler. Ýöne bu ala-ýaz günler uzak dowam etmedi… gelin bolanyna entek bir ýyl hem bolmanka  duýdansyz turan  gazaply uruş agzybir maşgalany aýra saldy. Doýduk bugün diňebir söwer ýaryny däl,  3 ýüwürjisini hem urşa ugratdy. Göwresinde mähriban perzendi hem-de 12 ýaşlyja öýüň körpesi Amanjyk bilen ýalňyz galdy. Eslije wagtdan soň, Doýdugyň ogul perzendi dünýä indi. Kömek  edip, ylgap ýören Amanjyk gelnejesine höwürdi. Ol obanyň mallaryny bakardy.

Urşa giden 4 dogandan bolsa indi uzak wagt bäri habar ýokdy. Işi  bilen özüni tanadan  Doýduk ilkinjileriň hatarynda Nurmyratdan sowgat galan kümüşlerini “urşa kömek” diýip ugratdy.  Ol söwer ýarynyň ýanynda bolup bilmese-de,  eden her bir işi, her bir kömegi ony Nurmyrada alyp gitýän ýalydy. Ýöne uruş uruş bolýar. Doýdugyň ýekeje perzendi hem şol döwrüň agyr günleriniň gurbany boldy. Entek 3 ýaşyna ýetmedik oguljygy gyzamyk keseli bilen ýogaldy.  Adamsyndan hat habar gelmeýän bu zenanyň ýekeje perzendini hem ýitirmegi oňa agyr zarba boldy. Şeýle agyr günlerde “Nurmyrat dolanyp geler” diýen umyt bilen ol bu kynçylyklaryň hötdesinden gelmelidi.

Obanyň zenanlary bilen pagta ýygyp, bugdaý orup “Edermen zenan” adyny aldy. Ol zenanlara baş bolup, Tejene işe ugradyldy. Esli wagt uzak ýerde zähmet çekip, “Meniň ojagym, öýüm bar” diýip, obasyna gelende, Aman eýýäm 16 ýaşan ýigitdi. Oňa hem, “Urşa gitmeli” diýip hat geldi. Bugün  körpe ýüwürjisini hem urşa ugratýan gelin:

-Jigimjan, Aman, doganlaryňy tap, duşmany ýok ediň! Başyňyz jem obaňyza dolanyp geliň! Agaňa aýt, Nura aýt, “Gelnejem saňa garaşýar” diý, sag gidip, aman gel diýip, gözlerinden akýan ajy gözýaşlary bilen Amany hem ýola saldy.

Mukaddes ojagy, Nurmyradyň söýgüsi bilen dolup duran öýüniň töri  boşap galdy…

Amanyň urşa gidenine köp wagt bolmanka, “Ýeňiş” habary dünýä ýaň saldy… Her kim indi mähribanlarynyň dolanyp gelmegine garaşýardylar. Her gezek “Gelýärler, gelýärler!” diýip çagalar ylgaşanlarynda, Doýduk hem  şol keşdelije kürtesini tasadyp öz  mähribanlaryna garaşardy. Ýöne doganlardan hat-habar ýokdy. Doýduk ýaş hem edenli gelin bolansoň, obadaky ýaşuly zenanlar oňa täzeden durmuşa çykmagy birnäçe gezek teklip etdiler,  söz aýdylyp, soralýanyny eşidende, Doýduk olardan gaty görerdi.

1947-nji ýylda garaşylan buşlukly habar bu öýede gelip ýetdi.

-Doýduk gelin, buşluk, körpe ýüwürjiň Aman gelýär!- diýlen söze atylan ok ýaly ylgap çykdy.

Aman obasyna dolanyp gelenine ynanyp bilenokdy. Begenjinden bu dünýä täzeden inen ýaly boldy:

-Salam gelneje, men geldim!

-Amanjan, jigim,  geldiňmi sagaman, sen ýaralanypsyňa… sagaman dolandyň Hudaýa şükür. Hany agalaryň nirede,  Nurmyrat nirede?- diýip, sandyraýan sesi bilen gözlerinden biygtyýar akýan begenç gözýaşlaryny süpürişdirdi. Aman  umyt bilen  ýoluna garap, şunça ýyl agasyna garaşyp oturan ýeňňesine näme jogap berjegini bilenokdy.

-Gelneje, agalarymdan habar ýok, men olary köp gözledim, emma  olary tapyp bilmedim-diýip, başyny egdi.

-Sen geldiň-ä, nesip bolsa olaram geler, hökman geler- diýip, ýüwürjisini öýe saldy.

Birnäçe ýyldan soň, Aman iş üsti bilen şähere göçmeli boldy, oňa “Uruş Gahrymany” diýip, şäherden jaý berdiler. Ol ýeňňesine: “Sen meniň  gelnejem däl, sen biziň ojagymyzy sakladyň, sen meniň uýam, doganym bolduň. Sen meniň mähriban bibimsiň!” diýip, ýany bilen alyp gitdi. Aman şäherde işe durdy, ol doganlaryny gözläp, dürli ýerlere hat ugratdy. Ýöne her gezek hem “Dereksiz ýiten” diýen jogap gelýärdi.

Gelnejesi Amany öýerdi. Ol: “Meniň mähribanlarym, bu dünýede ýeke ýalňyz bolmak ýaly kyn zat ýokdur. Çagalaryňyz oba bolsun, menem siziň bagtyňyza guwanaýyn, siziň nesliňiz dowam etsin” diýip dileg etdi.  Aman çagalaryna doganlarynyň adyny dakdy, ýöne her gezek  uly agasy Nurmyradyň adyny goýjak bolanda Doýduk:

-Ýok, ýok, Nurmyrat diri, gelende maňa garaşmansyň  diýer, Nuryň adyny goýma diýerdi. Amanyň bu sözlere ýüregi gyýylardy. Ol ýeňňesiniň bu dünýeden ýeke-ýalňyz ötüp gitmezligi üçin:

-Doýduk bibi, men uly oglum Orazmyrady saňa ogullyk berýän, ol indi seniň ogluňdyr. Saňa seretsin, sen dünýeden ýeke gitme! -diýdi.

Urşuň gutaranyna eýýäm 20 ýyl bolup gelýärdi. Aman şunça ýyl ýeňňesiniň sözüni ýere ýykman, Nurmyradyň adyny goýman garaşdy. Ýöne agasyndan umydyny üzen  Aman ýeňňesiniň garşylygyna garamazdan körpe ogluna Nurmyrat diýip dakdy. Doýduk ýüwürjisinden gaty görse-de, çagalaryň içinde Nurmyrady has eý görerdi.

Doýduk ogullyk alan ogly Orazmyrady öýli-işikli etdi. Orazmyradyň 5 çagasy hem Doýduga “Ene” diýip ýüzlenerdiler.                                                              Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdi, eýýäm ýaşy bir çene baran Doýduk daýza nurana enedi. Indi  40-50 ýylyň geçenine garamazdan, ol entegem şol 17 ýaşlyja ýaşajyk gelin kimin öz söwer ýary Nurmyrada garaşýardy. Her gezek gapy kakylanda  körpeje agtygyna:

-Miwe, Miwejan, bar gyzym gapyny aç, Nury dädeň geldi- diýip gygyrardy. Şol bir sözi gaýtalap oturýany üçin, kiçijik Miwejigiň gahary gelip,

-Ene, şu wagta çenli Nury däde galdymy, her gapy kakylanda şeý diýmäýdä- diýip, gulpagyny tasadyp ylgap giderdi. Bu sözlere garryja ene:
-Wah edepsiz diýsänim, diýýän zadyna seretsene-diýip, gözlerinden ýaşyny süpürerdi. Ömrüni ýanýoldaşynyň ýoluna baglan bu zenanyň ýüreginde şunça ýyllap gopýan harasaty oýnap ýören kiçijik agtygy näbilsin…

1995-nji ýylyň güýzi. Orazmyrat kakasyna Doýduk bibisiniň agyr ýatanyny habar berdi. Aman aga çagalary bilen oglunyň öýüne üýşdiler. Bu maşgalanyň mähriban zenany ýanyny ýere berip ýatyrdy. Arassa howadan dem alsyn diýip, ony gapa golaý ýatyrdylar. 80 ýaşyna golaýlan ene agyr- agyr dem alýardy. Aman oturanlara göz aýlanda, çagalarynyň arasynda Nurmyradyň ýokdygyny gördi. Birdenem howlynyň gapysy açylyp, 20 ýaşlarynda uzyn boýly, syratly ýigit içeri girdi. Oturanlar ölüm ýassygynda ýatan enä:

-Ene, ene seret, ana Nury dädem geldi- diýişdiler.

Gapa tarap zordan kellesini öwren enä belkide, şol ýöräp gelýän ýaş ýigit 55 ýyl mundan ozal urşa ugradan mähriban adamsy bolup görünen bolarly. Ahyrynda “Nury dädem gelýär!” diýen sözi eşiden ene, ýöräp gelýän ýaş ýigide seredip, gözlerini baky ýumdy.

“Näme üçin maňa Doýduk diýip dakdyňyz?! Deň-duşlarym: “ Sen öýde

9-njy gyzmy?” diýip gülüşýärler” diýip  çagakam öýdäkilerden kän gaty görerdim. Men maşgalamyzda ilkinji çaga bolsamam, atam özüniň ejesi ýaly gören şol mähriban, mertebeli zenanynyň adyny maňa dakypdyr. Oba ýaşulylary maňa: “Sen gaty üýtgeşik zenanyň adyny göterýäň!” diýýäler…

Eý mähriban ene, “Bu dünýede Hudaý meni ýeke-ýalňyz, enesiz- atasyz, ýanýoldaşsyz, perzentsiz ötürdi” diýip, hiçem närazy bolup gynanma, seniň nesilleriň dowam edýär…

Indi deň-duşlarymyň “Dogrudanam, seniň adyň Doýdukmy?” diýen soraglaryna ýylgyryp jogap berýän:

Hawa, meniň adym Doýduk!

Doyduk Gujiyewa, TOHU-nyň talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle