TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Haýsy awtoulag has ynamdar?

Bu gezek hünärmenler iň ynamdar awtoulagyň haýsy ulagdygyny bilmek üçin ses berlişik geçirdiler. Netijede sürüji üçin hem, ýolagçylar üçin hem iň ynamdar awtoulag diýlip…

Beýik Britaniýanyň «What Car» portalynyň hünärmenleri dünýäniň iň ynamdar awtoulagyny kesgitlemek üçin ýörite ses berlişigi geçirdiler. Uly seslenme tapadan ses berlişige 18 müňden gowrak sürüji gatnaşdy.

Ses berlişikde 4 ýyldan 10 ýyla çenli aralykda ulanyp boljak iň ynamdar ulagy saýlamak maksat edildi. Görlüp oturylsa, sürüjileriň arasynda iň ynamdar ulag «Toyota Yaris» eken. Ses berlişikde ikinji orny «Lexus CT», üçünji orny bolsa «Audi Q3» eýeledi. Ses berlişigiň ilkinji onlugynyň galan orunlaryny şu ulaglar eýeleýär: «Mitsubishi ASX», «Seat Leon», «Lexus RX», «Honda Civic», «Honda CR-V», «Honda Jazz» ва «Volkswagen Touareg».

Ýene-de okaň

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Uçar kerosini, polietilen we tehniki kükürt islegden peýdalandy

Teswirle