Haşal otlara garşy “Vitirover” roboty

Oba hojalyk pudagy ilaty azyk önümleri we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny çig mal bilen üpjün etmekde örän möhüm pudakdyr. Bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda dünýä derejesinde oba hojalyk önümçiliginiň ösýän döwründe meýdan robotlarynyň önümçiligine uly üns berilýär. Çünki, bu robotlar önümçilikde peýdalanylanda gazanylýan ykdysady netijeliligiň ýokary bolmagyna hem-de gol zähmetini azaldyp, olary beýleki pudaklarda ulanmaklyga mümkinçilik berýär.

Ekerançylykda önümçilik işleriniň ýola goýulyşynda ösümliklere zyýan beriji haşal otlary ýok etmekde göreş çäreleriniň birnäçe usullaryndan peýdalanylýar.

Köpýyllyk agaçlary şol sanda üzüm agaçlaryny ösdürip ýetişdirilende olar birlikde ösýän haşal otlara garşy göreş çärelerini üstünlikli amala aşyrmakda meýdan robotlarynyň biri bolan “Vitirover” roboty üzüm ekilen meýdanlarda haşal otlary ýok ediji robot hökmünde meşhurlyga eýedir.

“Vitirover”-iň kömegi bilen haşal otlary ýok etmegiň amatly tarapy önümçilikde iş öndürijiligiň ýokary bolmagyna getirýär hem-de haşal otlara garşy himiki göreş çärelerinden peýdalanylanda himiki serişdeleriň adamlara we daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmaga ýardam berýär.

“Vitirover” roboty üzüm agaçlaryň hatar aralaryndaky haşal otlary aýyrmak üçin niýetlenendir. Fransiýada oýlanyp tapylan bu robot sensorlaryň we GPS yzarlaýjynyň kömegi bilen üzümi beýleki ösümliklerden tapawutlandyryp, awtomatiki usulda meýdana aýlanyp bilýär. Ýörite düzülen programma arkaly robot gurnalýar.

Bu robotda gün panelleri hem ýerleşdirilendir.

Penjiýew Begenç

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

 



ÝENE-DE OKAŇ

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler. Bäsleşik şu ýylyň24-nji...
Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Salgysy:...
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky diýlip boljak kansleri Angela Merkeliň 16 ýyllyk döwri tamamlandy. Ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer kansler Angela Merkel we onuň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna resmi rugsat şahadatnamasyny gowşurdy. Merkel we onuň hökümet agzalary Germaniýanyň täze hökümeti düzülýänçe wagtlaýynça işlerini dowam ederler. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Merkeliň döwründe uly işleriň bitirilendigini, soňky 4 ýylda 600 kanunyň kabul edilendigini belledi. 1954-nji...
Haçan-da adam bagtly bolanda ol mydama gowudyr, emma hemme gowy adamlar mydama bagtly däl (O.Uaýld). Hemişe isleýän zadyňy etmeklik bagtlylyk däldir, emma ýerine ýetirip biläýjek zadyňy etmegi islemeklik bagtdyr. (L.Tolstoý). Bagtly durmuş haçan-da göwnüňde rahatlyk bolanda we hiç hili jogapkärçiligiň ýok ýerinde bardyr (Siseron). Bagt – bu berk jan saglygyň bolmagy we erbet ýadyň bolmagyndadyr (E.Feýer). Bagtsyzlykdan gülkünç...
Eýranda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň birnäçe ministrliklerinde gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýeti Eýranyň Ýol we şähergurluşyk ministrliginde duşuşyklar geçirdi. Eýranyň "IRNA" agentliginiň habaryna görä, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Kasemi Türkmenistan bilen ulag, energetika we söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demirýol üstaşyr geçişini iki esse artdyrmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Eýranyň ministri...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar