JEMGYÝET

Harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi. Bu barada “Milli goşun” habar berýär.

Harby okuw-meýdan türgenleşigi turuwbaşdan mertlige, batyrlyga ýugrulandygy bilen tapawutlandy. Harby okuw-meýdan türgenleşiginde öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin Guryýer goşunlary, Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Harby-deňiz güýçleri söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary harby okuw-meýdan türgenleşiginde ýokary söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.

Harby okuw-meýdan türgenleşiginde häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylýan uçarmansyz uçuş enjamlaryna aýratyn orun degişli boldy. Olar sanly ulgam arkaly uzak aralyga hereket edip, howadan aňtaw alyp bardylar hem-de garşydaş nyşanlara takyk urgulary amala aşyryp, öňde goýlan söweşjeň wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirdiler.

Harby okuw-meýdan türgenleşiginde söweşjeň gämiler garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny hatardan çykaryp, ençeme söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Söweşjeň gämiler şol bir wagtyň özünde garşydaşyň gämi toparlaryny ýüze çykarmak, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek ýaly wezipeleri hem netijeli alyp bardylar. Şunuň ýaly häzirki zaman harby gämileriň kömegi bilen deňizçiler harby gullugy birkemsiz berjaý edýärler hem-de Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň goragynda sak durýarlar.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri