TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hans Klýuge Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýugeniň bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BSGG-nyň Sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň wezipeleri, şol sanda, Merkezi Aziýa sebitinde «Ýeke-täk saglyk» konsepsiýasyny ösdürmek we ilerletmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary babatynda hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň Ýol kartasy bilen bagly meseleler boýunça özara pikir alyşyldy.

Türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Ýol kartany netijeli amala aşyrmak üçin ähli derejelerde hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk zerur bolup durýar. Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça önjeýli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek üçin bolsa, diňe bilelikdäki tagallalar amala aşyrylmalydyr.

Hans Klýuge hem, öz gezeginde, sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň bilelikdäki Ýol kartasyny ýerine ýetirmekde goldaw berjekdigini beýan etdi.

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle